Amerikan ykdysadyýetine maýa goýumlary şu ýylyň ahyryna çenli, takmynan, 21 trillion dollara ýeter. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ak Tamda Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen geçiren gepleşiklerinde mälim etdi.
-Ýylyň dowamynda ABŞ-a maýa goýumlarynyň möçberi 21 trillion dollara ýeter – diýip, Tramp aýtdy. Şeýle hem, ol Saud Arabystanynyň Amerika ykdysadyýetine 600 milliard dollar maýa goýmaga razy bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.
-Sebäbi Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy meniň dostum, ol bu görkezijini trilliona çenli ýetirip biler, ýöne men onuň bilen bu ugurda işlemeli bolaryn” diýip, amerikan lideri belledi.
Mundan başga-da, Tramp öz tagallalarynyň ABŞ-da ýangyjyň bahalarynyň dowamly pese gaçmagyna getirjekdigine ynanýandygyny bildirdi. – Meniň pikirimçe, benziniň 1 gallonynyň bahasynyň 2 dollar bolandygy görersiňiz – diýip, Prezident aýtdy.