Tailandly biologlar magnoliýa güllüler maşgalasyna degişli bolan täze ösümligiň üstüni açdylar. Hoşboý ysly gülleri bolan bu ösümlige ýurduň K-Pop toparynyň ýyldyzy Lisa Manobanyň ady dakyldy. Bu ösümligi Çiangmaý uniwersitetiniň alymlary ýurduň günortasyndaky Narathiwat şäheriniň golaýyndan tapdylar. Koreýa Respublikasynyň «Blackpink» atly K-Pop toparynyň «Lalisa» lakamly agzasy Tailandda dünýä inipdir. Alymlar ösümlige «Friesodielsia lalisae» ylmy adyny berdiler.
Tebigaty öwrenijiler hoşboý ysly bu ösümligiň örän seýrek duş gelýändigini belleýärler. Ýurtda magnoliýa gülli ösümlikleriň seýrek görnüşlerini tapmak üçin taslama taýýarlanypdy.
1997-nji ýylda Tailandyň Buriram şäherinde dünýä inen Lisa 2016-njy ýylda «Blackpink» toparyna saýlanypdy.
Guwanç ANNAMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









