23-nji aprelde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar.
Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy döwürdäki okgunly ösüşleriniň nyşanydyr. Ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde milli atçylyk däplerini gorap saklamak hem-de ony üstünlikli dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek, dünýäde wagyz etmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralar hem toplumlaýyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň geçirilmegi asylly däbe öwrülen mejlisleri hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesi bilen bir hatarda, assosiasiýanyň ýubileý mejlisi bilen hem gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Döredilen wagtyndan bäri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamaga isleg bildirýänleriň sany hem barha artýar. Munuň özi assosiasiýanyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň beýanydyr.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binasynyň öňünde sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisine gatnaşyjylar akademiýanyň binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.
Soňra ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine assosiasiýa tarapyndan alnyp barlan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak, assosiasiýa täze agzalary kabul etmek hem-de beýleki guramaçylyk meseleleri girizildi. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde assosiasiýanyň geçen döwürde dünýä boýunça ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän atçylyk toplumlarynyň ýolbaşçylaryny, belli atşynaslary, seýisleri özara birleşdirýän, olaryň özara hyzmatdaşlygyna ýardam edýän iri halkara düzüme öwrülendigini bellediler.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy milli atşynaslyk däpleriniň häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribeleri esasynda ösdürilmegi babatda daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen gatnaşyk saklaýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina Ýakob Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda bolmagyň özi üçin belent hormatdygyny nygtady. Mejlisde sanly ulgam arkaly çykyş eden Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Eýle Keýt Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda assosiasiýanyň alyp barýan işlerini mundan beýläk-de giňeltmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo sanly ulgam arkaly çykyşynda geçen döwrüň içinde assosiasiýanyň dürli ýurtlaryň atçylyk kärhanalarynyň, degişli pudagyň hünärmenleriniň, ippolog alymlaryň we ady rowaýata öwrülen bedewlere aýratyn gadyr goýýan adamlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança öwrülendigini belledi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Fransiýa Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Eloiza Žirardy sanly ulgam arkaly çykyşynda şu ýylyň başynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda görkezen ajaýyp çykyşlaryndan galan täsirlerini paýlaşdy.
Mejlisiň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentiniň assosiasiýanyň dolandyryş müdiriýetiniň agzalygyna türkmen we daşary ýurtly täze agzalaryny kabul etmek barada çykaran çözgüdini tassyklamak boýunça Karary okaldy.
Hormatly ada eýe bolan ýurdumyzyň atşynaslary hem-de assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilen daşary ýurtly raýatlar ýokary sylag we bildirilen ynam üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri bilen bagly meselä hem seredilip, bu boýunça degişli çözgüt kabul edildi.