Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen,  degişli çäreleri döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär.

Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Şol maksat bilen her birimiz:      

  1. 1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.Ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl.
  2. 2. Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.
  3. 3. Pasyllara görä geýinmeli we С witaminine – askorbin turşusyna baý iýmitler bilen iýmitlenmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).
  4. 4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.

5.Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, hepdede bir gezek milli tagamlarymyz bolan gyzyl burçly unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Milli tagamymyz bolan unaş möwsümleýin keselleriň hem öňüni almakda we ony ýeňil geçirmekde örän ähmiýetli tagamdyr. Oňa gyzyl burç atyp peýdalanmak maslahat berilýär, sebäbi ol fitonsidlere baý.

  1. 6. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyňa ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
  2. 7. Asgyrlanda, üsgürlende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.
  3. 8. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwmaly, howpsuz 2 metr araçägi berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly.
  4. 9. Derman serişdelerini lukmandan maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine degişli. Sebäbi, antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
  5. 10. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
  6. 11. Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda ýola goýlan, her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministrliginiň

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.