Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Gahryman Arkadagymyzyň ýi­ti ze­hi­nin­den, jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» goş­gu­syn­dan ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we­kil­le­rin­den, ýur­du­my­zyň iri jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­rin­den, zäh­met to­par­la­ryn­dan we ra­ýat­la­ry­myz­dan ge­lip gow­şan tek­lip­ler göz öňün­de tu­tu­lyp, Tä­ze – 2024-nji ýyl ýur­du­myz­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa diý­seň ýo­ka­ry. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň toý­la­nyl­jak­dy­gy hem mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu ýy­lyň tu­tuş tür­ki dün­ýä­sin­de hem «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­jek­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň ÝUNESKO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi we ÝU­NES­KO-nyň baş mas­la­ha­ty­nyň 42-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­dy.
Bü­tin dün­ýä ady do­lan Gün­do­ga­ryň akyl­dar şa­hy­ry, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi ata-ba­ba­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da top­la­nan me­de­ni mi­ra­syň mer­je­ni­dir. Şa­hy­ryň türk­men hal­ky­nyň dur­muş pel­se­pe­si­ne öw­rü­len aja­ýyp şy­gyr­la­ry, öňe sü­ren tag­ly­mat­la­ry, öwüt-ün­dew­le­ri we ýö­rel­ge­le­ri bu gün mil­li­on­lar­ça adam­la­ryň ýü­re­gi­ne hem-de duý­gu­la­ry­na örän oňaý­ly tä­sir edip, öz­bo­luş­ly dur­muş şy­ga­ry­na öw­rül­di. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mil­li gym­mat­lyk hök­mün­de dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.
Ýur­du­myz­da şa­hy­ryň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan en­çe­me ki­tap­lar ne­şir edil­di. Şeý­le-de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da öz­bek, hin­di, ger­man, türk we arap dil­le­rin­de ne­şir edi­len goş­gu­lar ýy­gyn­dy­la­ry şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma te­at­ry ta­ra­pyn­dan «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly dra­ma ese­ri­niň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ry ta­ra­pyn­dan sah­na­laş­dy­ry­lan «Mag­tym­gu­ly» ope­ra­sy­nyň gör­ke­zi­li­şi­niň äh­li we­la­ýat­lar­da gu­ral­ma­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­la­nan çe­per we do­ku­men­tal film­le­riň su­ra­ta dü­şü­ril­me­gi şa­hy­ra go­ýul­ýan sar­pa­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şeý­le hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler top­lum­la­ry ýaý­lym­lar­da yzy­gi­der­li be­ril­ýär.
Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na uly go­şant go­şan da­na türk­men şa­hy­ry­na be­lent sar­pa goý­mak ba­bat­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz deň­siz-taý­syz ta­gal­la­la­ry ama­la aşyr­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi­ne we ebe­di­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­dir­ýän ta­gal­la­sy örän giň möç­ber­li­dir. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty, şyg­ry­ýet mi­ra­sy, umu­ma­dam­zat aňy­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan paý­has-pel­se­pe­si aý­ra­tyn be­lent de­re­je­le­re gal­ýar.
Şu ýy­lyň do­wa­myn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­ne, öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne, türk­men hal­ky­nyň ede­bi­ýa­ty­na, ta­ry­hy­na de­giş­li Rus­si­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Weng­ri­ýa­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň gol­ýaz­ma ha­zy­na­la­ryn­da, ki­tap­ha­na­la­ryn­da sak­lan­ýan çeş­me­le­ri, gol­ýaz­ma eser­le­ri göz­le­mek, tap­mak, ola­ryň elekt­ron we mik­ro­film nus­ga­la­ry­ny ýur­du­my­za ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň alym­la­ry bir­nä­çe yl­my-dö­re­di­ji­lik iş sa­par­la­ryn­da bol­du­lar. Şol sa­par­la­ryň ne­ti­je­sin­de, türk­men ede­bi­ýa­ty­na, ta­ry­hy­na de­giş­li je­mi 200-e go­laý gol­ýaz­ma­nyň elekt­ron nus­ga­sy ýur­du­my­za ge­ti­ril­di. Şo­la­ryň ara­syn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry­nyň hem bol­ma­gy gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Yn­san­per­wer­li­giň be­ýik wasp­çy­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy – umu­ma­dam­zat ede­bi-ru­hy gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len dö­re­di­ji­li­gi Wa­tan, il-halk, dost-do­gan­lyk, pa­ra­hat dur­muş, ýag­ty gel­jek ba­ra­da­ky pa­ra­sat­ly pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry özün­de jem­le­ýär. Şa­hy­ryň kä­mil yn­san, kä­mil jem­gy­ýet ba­ra­da­ky öňe sü­ren ide­ýa­la­ry­nyň umu­ma­dam­zat bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm ugur­la­ry Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler­de özü­niň my­na­syp be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Mu­ham­met My­ra­dow,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.