Öýüň ra­hat­ly­gy we gel­şik­li­li­gi aras­sa­çy­lyk­dan baş­lan­ýar. Ir­ki ýyl­lar­da öýi aras­sa­la­mak­da dür­li usul­lar ula­ny­lan bol­sa, hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze teh­no­lo­gik en­jam­lar peý­da bol­ýar. Şo­la­ryň bi­ri hem «akyl­ly» to­zan so­ru­jy en­jam­dyr.
Smart­fo­na ýa-da plan­şe­te ka­bel­siz bag­lan­ýan bu en­ja­my otu­ran ýe­riň­de do­lan­dy­ryp bol­ýar. To­zan so­ru­ja gö­zeg­çi­lik edip, haý­sy ota­gyň aras­sa­la­nan­dy­gy­ny we ni­re­den nä­çe­räk ha­pa­nyň top­la­nan­dy­gy­ny gö­rüp bol­ýar. Smart­fon­da öýüň kar­ta­sy­ny çy­zyp, bu en­ja­ma buý­ruk ber­mek ar­ka­ly do­lan­dy­ryp bol­ýar. «Akyl­ly» to­zan so­ru­jy aw­to­ma­tik gu­rak we çyg­ly aras­sa­la­mak üçin sen­sor­lar, la­zer na­wi­ga­si­ýa­sy (Li­DAR) we prog­ram­ma do­lan­dy­ry­şy bo­lan en­jam­dyr. Hä­zir­ki wagt­da meş­hur­ly­gy art­ýan bu en­ja­my «Drea­me», «Ro­bo­rock», «Xiao­mi» we «Nar­wal» ýa­ly brend­ler iş­läp taý­ýar­la­ýar.
«Akyl­ly» to­zan so­ru­jy­lar se­si­niň pes­li­gi, ulan­ma­gyň aň­sat­ly­gy we aw­to­nom iş­le­me­gi bi­len aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ep-es­li ýe­ňil­leş­dir­ýär. To­zan so­ru­jy­nyň tä­ze nes­li ki­çi­jik bo­lan­dy­gy üçin bel­li bir çä­gi uzak wagt­lap aras­sa­la­ma­ly bol­ýar. «Akyl­ly» to­zan so­ru­jy­lar adat­ça te­ge­lek we pes­se­jik bol­ýar. Bu bol­sa en­ja­myň şka­fyň we çek­mä­niň aşa­gy­ny aras­sa­la­ma­ga, şeý­le hem in­siz ýer­den hem dy­kyl­man geç­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Akyl­ly» to­zan so­ru­jy ba­ra­da­ky il­kin­ji sy­na­ny­şyk­lar 1950-nji ýyl­lar­da baş­lan­ýar. 1990-njy ýyl­da öý ho­ja­lyk ro­bot­la­ry­ny ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen «iRo­bot» kom­pa­ni­ýa­sy esas­lan­dy­ryl­ýar. Bu kom­pa­ni­ýa 2002-nji ýyl­da «Ro­om­ba» at­ly «akyl­ly» to­zan so­ru­jy­ny iş­läp düz­ýär. 2005-nji ýyl­da bol­sa po­ly aras­sa­la­mak üçin «Scooba» hö­dür­len­ýär. Mun­dan baş­ga-da, «Electro­lux», «Dy­son» we «Nea­to Ro­bo­tics» kom­pa­ni­ýa­la­ry hem te­ge­lek to­zan so­ru­jy­nyň (Electro­lux Tri­lo­bi­te, DC06, XV-11) bir­nä­çe nus­ga­sy­ny ön­dür­ýär. «Electro­lux» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «akyl­ly» to­zan so­ru­jy­nyň kä­bir gör­nü­şi bir ge­zek­de 150 ine­dör­dül metr meý­da­ny sü­pü­rip bil­ýär. Ro­bot to­zan so­ru­jy bel­li bir al­go­ritm bo­ýun­ça otag­la­ry aý­lan­ýar, burç­la­ry, di­war­la­ry we bas­gan­çak­la­ry aň­sat­lyk bi­len ta­nap bil­ýär. Aras­sa­la­ýyş iş­le­ri ta­mam­lan­andan soň, zar­ýad be­ril­ýän ýe­ri­ne gaý­dyp gel­ýär.