Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň gündelik durmuşda ulanýan sözleriniň sanynyň ýyl-ýyldan yzygiderli azalýandygyny subut etdiler. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri halkara derejeli «Perspectives on Psychological Science» (PPS) žurnalynda çap edildi. Seljermelere görä, adamlaryň gepleýiş işjeňligi her ýyl ortaça 338 söz azalýar, bu bolsa ýyllyk hasapda 120 müňden gowrak söze barabar bolup durýar.
Ylmy barlagyň çäklerinde 2005-nji ýyl bilen 2019-njy ýyllar aralygynda geçirilen 22 sany uly ylmy işiň maglumatlary we 2200 töweregi adamyň gatnaşmagyndaky görkezijiler seljerildi. Hasabatlara görä, 2005-nji ýylda bir adam her günde ortaça 15 900 söz ulanan bolsa, 2019-njy ýyla çenli bu görkeziji 12 700 söze çenli aşak düşdi. Bu ýagdaý aýratyn hem 25 ýaşdan kiçileriň arasynda has aýdyň ýüze çykyp, olarda gepleýiş işjeňligi her ýylda ortaça 452 söz azaldy. 25 ýaşdan uly adamlarda bolsa bu görkeziji ýylda 314 söz möçberinde aşaklady.
Alymlaryň bellemegine görä, adamlaryň özara gepleşmeginiň we ulanýan sözleriniň azalmagy gündelik durmuşda sanly tehnologiýalaryň, durmuş ulgamlarynyň hem-de onlaýn hyzmatlaryň giňden ornaşmagy bilen göni baglydyr. Adamlar köplenç gysga wagtlyk durmuş gürrüňdeşlikleriniň ýerine sanly ulgamlardan peýdalanmagy ileri tutýarlar. Gözlegleriň netijeleri dünýäde emele gelen koronawirus ýokanjy (COVID-19) döwri gelmezden öňki döwri öz içine alsa-da, hünärmenler şol çäklendirme döwrüniň adamlaryň durmuşynda sanly we onlaýn gatnaşyklary has-da berkidendigini çaklaýarlar.
PDF









