Gazagystanda Pržewalskiý atlarynyň populýasiýasy dikeldilýär

3

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Gazagystana dünýäde saklanyp galan ýeke-täk ýabany at görnüşi bolan Pržewalskiý atlarynyň nobatdaky tapgyry getirildi. Ýurduň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň maglumatlaryna görä, bu täsin haýwanlar Çehiýa Respublikasyndan ýörite uçar bilen Kostanaý şäheriniň halkara howa menziline ýetirildi.
Haýwanlar ýöriteleşdirilen awtoulaglar arkaly Kostanaý welaýatynyň Amangeldi etrabynda ýerleşýän «Altyn Dala» döwlet tebigy goraghanasyna äkidiler. Ilki bilen olar reintroduksiýa (tebigata gaýtaryp getirmek) merkezinde hünärmenleriň gözegçiligi astynda ýerli şertlere uýgunlaşma döwrüni geçerler, soňra bolsa tebigy gurşawa goýberiler.
Taryhy taýdan Pržewalskiý atlary Gazagystanyň çäklerinde ýaşap, gazak sähralarynyň tebigy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanypdyr. Emma XX asyryň ortalaryna çenli bu görnüş ýabany tebigatda bütinleý ýok bolup gidipdi. Ýitip barýan bu atlaryň sanynyň gaýtadan köpeldilmegi halkara derejede durmuşa geçirilýän gorag çäreleri we olary tebigata gaýtaryp getirmek boýunça maksatnamalar arkaly başartdy.
Bu iri taslama Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrligi tarapyndan Praga haýwanat bagy, Berliniň «Tirpark» haýwanat bagy, Gazagystanyň biodürlüligi gorap saklamak assosiasiýasy, Frankfurt zoologiýa jemgyýeti we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Gazagystan döwletiniň we Çehiýanyň paýtagty Praga şäheriniň haýwanat bagynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama laýyklykda, 2029-njy ýyla çenli jemi 40 sany Pržewalskiý atyny getirmek meýilleşdirilýär. Eýýäm 2024-nji we 2025-nji ýyllarda «Altyn Dala» goraghanasyna haýwanlaryň ilkinji iki tapgyry getirilipdi, şu ýylyň maý aýynda bolsa ozal getirilen atlaryň bir bölegi ilkinji gezek ýabany tebigata goýberildi. Bu taslamanyň baş maksady Merkezi Gazagystanyň sähralarynda Pržewalskiý atlarynyň durnukly populýasiýasyny kemala getirmekden we sähra ekoulgamlaryny gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.