«Apple» kompaniýasy Aziýadaky önümçiligini artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Hytaýda we Hindistanda önümçilik desgalary bolan tehnologiýa ägirdi Indoneziýada hem önümçiligi ýola goýmakçy. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk bilen Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodonyň arasynda geçirilen gepleşiklerde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýa smartfonlarynyň we planşetleriniň agramly bölegini Hytaýda ýygnaýar. Bu önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen Wýetnamda hem-de Hindistanda önümçiligini artdyrmaga başlan amerikan kompaniýasy Indoneziýadaky maýa goýum mümkinçiliginden hem peýdalanmak isleýär. Indoneziýa köp ilatly hem amatly bazar bolup durýar.
Wepa ŞÖHRATOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









