Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy ýurtlaryň gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalaryny meýilleşdirmäge goldaw bermek maksady bilen arassa energiýa çeşmeleri barada «ýolgörkeziji» taýýarlady. Bu maglumat gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kartasyny taýýarlamaga ýardam eder. Bu maglumat esasynda ýel, Gün we suw elektrik energiýa mümkinçiliklerini görkezýän karta taýýarlap bolar.
Gurama 2030-njy ýyla çenli ähli ýurtlarda ýokary durulykdaky gaýtadan dikeldilýän energiýa kartasynyň bolmagyny gazanmagy maksat edinýär. Bu atlaslar, esasan, 4 kilometr ýa-da ondan hem ýokary durulykda edilip taýýarlanar. Karta her bir sebitde ýel turbinasy ýa-da suw elektrik bekedi ýaly infrastruktura üçin iň amatly ýerleri kesgitlemäge ýardam eder. Bu başlangyç arassa energiýanyň önümçiligini ep-esli artdyrmaga ýardam eder.
Ezizhan BEREKETOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









