Argentinanyň ýygyndysy wagtyndan öň çärýek finala çykdy

51
Soccer Football - Copa America 2024 - Group B - Chile v Argentina - MetLife Stadium, East Rutherford, New Jersey, United States - June 25, 2024 Argentina's Lionel Messi in action with Chile's Victor Davila REUTERS/Agustin Marcarian

Kopa Amerikada 2-nji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berlip, “A” toparçada kubogyň häzirki eýesi Argentinanyň ýygyndysy Çiliniň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 88-nji minutda Lautara Martines geçirdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda-da Kanadanyň ýygyndysy Perunyň ýygyndysy şol hasap bilen ýeňip, demirgazyklylara ýeňiş getiren goly 74-nji minutda Jonatan Dewid geçirdi.

Mälim bolşy ýaly 1-nji oýunlarda Argentina Kanadany 2-0 ýeňipdi. Peru bilen Çiliniň arasyndaky oýunda-da hasap açylmandy.

Kopa Amerikada daňdan “B” toparçadaky 2-nji oýunlar geçiriler. Ekwador bilen Ýamaýka (03:00), Wenesuela bilenem Meksikanyň (06:00) ýygyndylary duşuşar.