Angliýanyň çempionatynda 33-nji tapgyryň soňky duşuşygynda “Kristal Palas” bilen “West Ham” toparlarynyň arasyndaky London derbisi golsuz tamamlandy. Duşuşykda 2 topara-da hasaby açmak başartmady. Bu deňlikden soň “Premier Ligadan” aşaky liga düşen ilkinji topar belli boldy. “West Hamyň” utugyny 33-e ýetirmeginden soň, 20-nji basgançakda barýan “Wulwerhempton” toparynyň galan 5 tapgyrda ýeňiş gazansa-da, APL-de galmak mümkinçiligi aradan aýryldy. Şeýlelikde, “Wulwerhempton” topary Ýewropanyň TOP 5 çempionaty boýunça aşaky liga düşen ilkinji topar boldy. “Wulwerhempton” topary 8 möwsümden bäri “Premier Ligada” çykyş edip gelýärdi.