5-nji iýulda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Aşgabat – dizaýn şäherim» atly maslahat we sergi geçirildi. Bu çäre ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guraldy.

Bu çä­rä jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry, paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry, şeý­le-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Mas­la­hat «Men gö­zel­li­gi dö­red­ýä­rin» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­lip, onuň çäk­le­rin­de gu­ra­lan ser­gi­de ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­na de­giş­li önüm­ler – türk­men mil­li şaý-sep­le­ri, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri, el iş­le­ri, su­rat­keş­ler­dir heý­kel­ta­raş­la­ryň, ke­ra­mi­ka­çy­la­ryň sun­gat eser­le­ri, mil­li ruh­da taý­ýar­la­nan sow­gat­lyk­lar gör­ke­zil­di. Ser­gi­niň kö­pö­wüş­gin­li eks­po­nat­la­ry ÝU­NES­KO-nyň di­zaýn ugur­ly şä­her­le­ri­niň ab­raý­ly sa­na­wy­na gir­mä­ge ym­tyl­ýan türk­men paý­tag­ty­nyň di­ňe bir bi­na­gär­lik çöz­güt­le­rin­de däl, eý­sem, dö­re­di­ji­lik dur­mu­şyn­da-da di­zaý­ner­lik çe­me­leş­me­le­riň my­na­syp orun eýe­le­ýän­di­gini giň­den şöh­le­len­dir­di.

Aş­ga­ba­dy ös­dür­me­giň tä­ze­çil şä­her­gur­lu­şyk kon­sep­si­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň göz­ba­şyn­da du­ran Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýur­du­myz­da şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek üçin kä­mil bi­lim ul­ga­my dö­re­dil­di. Şu müm­kin­çi­li­gi giň­den ula­nyp hem-de ös­dü­rip, ýaş bi­na­gär­le­riň, di­zaý­ner­le­riň, in­že­ner­le­riň dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny, tä­ze­çil tek­lip­le­ri­ni yzy­gi­der­li hö­wes­len­di­rip dur­ma­ly» di­ýip, bu ugur­da ha­ly­pa-şä­girt­lik mek­de­bi­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ni mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­di. «Aş­ga­bat – di­zaýn şä­he­rim» at­ly mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýaş­la­ryň paý­tag­ty­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny, bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk çöz­güt­le­rin­de ola­ryň döw­re­bap çe­me­leş­me­le­ri­niň ha­sa­ba alyn­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len nyg­ta­dy­lar.