Şu günler gojaman Hazaryň türkmen kenarynda döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki iri sammitler, duşuşyklar geçirilýär. Düýn Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy boldy, şu gün bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologiýa sammiti geçirilýär. 7-nji oktýabrda bolsa bu ýokary derejeli gepleşikleriň çäklerinde ugurdaş çäreleriň birnäçesi geçirildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat, «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji maslahat hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Şeýle hem bu ýerde Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň duşuşygy, sebitiň iri suw akabalary bolan Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, Seleksiýa we tohumçylyk boýunça halkara maslahat hem-de «Semena» assosiasiýasynyň 28-nji mejlisi geçirildi. Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde bolsa «Tatar gyzy – 2026» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy.
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy
7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa dialogyň plenar hem-de mowzuklaýyn mejlislerinde beýan ediljek çykyşlaryň hem-de teklipleriň ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmäge zenanlaryň gatnaşmagynyň halkara-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygy aýratyn bellenildi. Şunda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işine, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamyna gatnaşmagyny hemmetaraplaýyn goldamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde halkara hukugyň we zenanlaryň ornunyň ähmiýetine bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisde çykyş edenler halkara hukuk binýadynyň zenanlaryň döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna doly we deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup durýandygyny nygtadylar. Çykyşlaryň dowamynda häzirki döwrüň ählumumy meseleleri bilen baglylykda, zenanlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirýän hukuk kadalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.
BMG-niň we ugurdaş halkara institutlaryň wekilleri adam hukuklary ulgamynda we BMG-niň Kararnamalaryny ilerletmekde konwensiýa mehanizmleriniň uly ähmiýetine ünsi çekdiler. Çykyşlarda zenanlaryň hukuklaryny pugtalandyrmak, döwlet derejesinde inklýuziw çemeleşmeleri ornaşdyrmak hem-de zenanlaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmek boýunça sebitde alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi.
Mejlise gatnaşyjylar onuň dowamynda işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň GDA döwletleri bilen BMG-niň düzümleriniň arasyndaky hukuk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirip, parahatçylygy we uzak möhletli durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Halkara zenanlar dialogynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Çäre özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine seljerme bermek we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Duşuşyk GDA ýurtlarynyň raýdaşlygyny we taryhy umumylygyny açyp görkezýän ynanyşykly we netijeli häsiýetde geçdi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara ynanyşmagyň ýokary derejesini hem-de agza döwletleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, GDA formaty meseleleriň giň toplumy boýunça garaýyşlary ylalaşmagyň netijeli guraly bolmagynda galýar. Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Mejlisiň dowamynda GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçiriljek mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Daşary işler ministrleri geçiriljek sammitiň gün tertibindäki meseleleriň toplumyna seretdiler we kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa proseslerine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem diplomatik geňeşmeleriň dowamynda GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürleniljek resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminamalar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alyp, döwletara dialogyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny bellediler. Mejlise gatnaşyjylar iri halkara guramalaryň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn Çözgüt, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen GDA-da 2029-njy ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň «Ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt, 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Hukuk sowatlylygy ýylyny» geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy hakynda Çözgüt, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli syýasy geňeşmeleriň meýilnamasy baradaky Çözgüt bar.
«Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat
Şeýle-de «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Ilat diňe bir ykdysady ösüşiň esasy çeşmesi we hereketlendiriji güýji bolup çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamyň durmuşynyň ýokary hilini, abadançylygyny we sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ähli özgertmeleriň ahyrky maksady hem bolup durýar. Häzirki wagtda dünýädäki demografik ýagdaýlar dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Dünýäniň käbir sebitleri ilatyň garramagy we zähmet serişdeleriniň okgunly azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolsa, beýleki sebitler durmuş infrastrukturasynyň yzygiderli giňeldilmegini, täze iş orunlarynyň döredilmegini we ekologiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegini talap edýän demografik ösüşi başdan geçirýärler.
Forumyň dowamynda demografik prosesleri dolandyrmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryna we olary uzak möhletli durmuş-ykdysady meýilnamalara ornaşdyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi. Ara alnyp maslahatlaşmalara halkara bilermenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler netijeli çözgütleriň ilatyň düzümini we esasy görkezijileri çuňňur seljerme işini talap edýändigini nygtadylar.
Halkara derejede geçirilen maslahat ýurtlaryň we halkara institutlaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Forumyň dowamynda bilelikdäki sebit taslamalary, tejribe alyşmak maksatnamalary hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine yzygiderli gözegçilik etmegiň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri milli demografik başlangyçlary durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermegi dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Çykyşlarda şeýle ylmy-amaly çäreleri yzygiderli geçirmegiň uly ähmiýeti bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar döwlet düzümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň we halkara guramalaryň arasyndaky açyk hem-de netijeli dialogyň demografiýa ulgamynda deňagramly we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam edýändigini nygtadylar.
Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
«Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat
«Awaza» Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar.
Dünýä ýagdaýlarynyň häzirki üýtgäp durýan şertlerinde saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Adam saglygy diňe her bir raýatyň binýatlaýyn hukugy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, zähmet öndürijiligini we döwletiň durmuş taýdan durnuklylygyny kesgitleýän esasy ykdysady serişde bolup durýar.
Ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň işjeň we ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. Ýurdumyz BSGG, ÝUNISEF, ÝUNFPA we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, iri halkara lukmançylyk forumlarynyň guramaçysy bolup çykyş edýär we keselleriň öňüni almak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek babatda toplan baý tejribesini paýlaşýar. Diýarymyzda yzygiderli amala aşyrylýan strategiýa her bir adama ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna deňhukukly elýeterliligi kepillendirýär.
Mejlisiň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda maliýe serişdelerini netijeli ulanmak hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyş edenler lukmançylyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ylmy-barlag işlerini goldamak üçin innowasion maliýe-karz mehanizmlerini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
AHEHG-niň döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Toparyň ýerine ýetiriji edaralarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar geçen döwürde Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnlerinde suw serişdeleriniň ulanylyşynyň we suw howdanlarynyň işiniň jemlerini jemlediler. Sebitiň ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň sazlaşykly işi we yzygiderli hyzmatdaşlygy netijesinde, oba hojalyk ulgamyny we ekoulgamlary suw bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigi bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar nobatdaky döwür üçin suw serişdelerini ulanmagyň möçberlerini hem-de suw howdanlarynyň ylalaşylan iş tertibini tassyklamaga aýratyn üns berdiler. Taraplar hakyky suw akymynyň gözegçiligi, Aralýaka çäklere sanitariýa-ekologiýa suw akymyny üpjün etmek, şeýle hem suw akymynyň tertibini kesgitlemek bilen bagly meselelere seretdiler.
Toparyň mejlisinde Aral deňziniň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň täsirini ýeňilleşdirmek meselelerine hem garaldy. Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň agzalary deltalara we Aralýaka suw howuzlaryna suw goýbermek boýunça bilelikdäki çäreleri, şeýle hem Aralyň gurap galan düýbündäki çägeleri berkitmek boýunça işleri utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň Ylmy-maglumat merkeziniň we Ýerine ýetiriji sekretariatynyň hasabat döwründäki işine hem seredildi. Suw hojalygy ulgamyny howanyň üýtgemegi we buzlaryň eremegi şertlerine uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki ylmy barlaglary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Mundan başga-da, 95-nji mejlisiň işiniň dowamynda Toparyň halkara guramalar we maliýe institutlary bilen özara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar Aral deňziniň basseýninde energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çemeleşmelerini ylalaşdylar.
Sebitiň iri derýalarynyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine garaldy
Sebitiň iri derýalarynyň – Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, suw hojalyk pudagynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ekoulgamlara zyýan ýetirmezden sebitiň ähli ýurtlarynyň oba hojalyk pudaklaryny suw serişdeleri bilen üpjün etmek üçin Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berjaý etmegiň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistan tarapyndan halkara giňişlikde yzygiderli öňe sürülýän suw diplomatiýasy ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy ýokary derejeli forumyň esasy meselesi boldy. Ýurdumyz Merkezi Aziýada suw meselesiniň halkara hukugyň kadalary, özara hormat goýmak we sebitiň her bir döwletiniň bähbitlerini nazara almak arkaly çözülmelidiginden ugur alýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini nygtadylar. Bilelikdäki ylmy we tehnologik binýat howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ilata we oba hojalygyna ýetirilýän ýaramaz täsirleri peseltmäge mümkinçilik berer.
* * *
Şeýle-de GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi we Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde giň möçberli medeni çäre – «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
PDF








