ÝB – Hindistan: täze döwür

3

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi taraplaryň arasyndaky gatnaşyklarda taryhy we dinamiki taýdan ösen täze döwrüň başlanýandygyny yglan etdiler. Bu barada premýer-ministr N.Modiniň Ýewropa ýurtlaryna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde 17-nji maýda Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde geçirilen duşuşykda bellenildi. Taraplar şu ýylyň ýanwar aýynda Nýu-Delide gol çekilen we düýpli taryhy ähmiýete eýe bolan ÝB–Hindistan söwda ylalaşygynyň çäklerini has-da giňeltmäge we ony ýylyň ahyryna çenli gutarnykly resmileşdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Geljekde maýa goýum ylalaşygyny baglaşmak bilen hem berkidiljek bu ykdysady hyzmatdaşlyk tas 2 milliard adamy öz içine alýan bazary emele getirer we ol dünýäniň jemi içerki önüminiň dörtden bir bölegini üpjün eder. Täze resminama laýyklykda, Hindistan ÝB-den gelýän harytlaryň 96,6 göterimine, Ýewropa Bileleşigi bolsa Hindistandan goýberilýän harytlaryň 99,5 göterimine salynýan gümrük paçlaryny ýatyrar ýa-da peselder.
Şeýle-de, Gýoteborg şäherindäki duşuşyklara Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson hem gatnaşyp, taraplar söwda, maýa goýumlary, innowasiýalar we goranmak ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan öň, ýagny 16-njy maýda Hindistanyň Hökümet Baştutany Niderlandlaryň Premýer-ministri Rob Ýetten bilen duşuşyp, söwda, tehnologiýa we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlyk baradaky şertnama gol çekipdi.
Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Premýer-ministr Narendra Modiniň sapary Oslo şäherinde geçiriljek “Hindistan – Demirgazyk ýurtlary” atly III sammit bilen dowam eder. Ol ýerde tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, goranmak, kosmosy we Arktika sebitini özleşdirmek ýaly meselelerde ugurdaş ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçiriler. Hindistanyň Premýer-ministriniň Ýewropa sapary 20-nji maýda Italiýanyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Meloni bilen boljak duşuşyk bilen jemlener. Taraplar mundan ozal, 2024-nji ýylda howpsuzlyk, goranmak we kanuny migrasiýa ugurlaryny öz içine alýan “Bilelikdäki strategik hereketler meýilnamasy” boýunça ylalaşyk gazanypdylar.