Täjigistanda birinji Halkara sirk sungaty festiwaly geçiriler

1

«Sirk dünýäsi ýürekleri birleşdirýär!» diýen sirk sungatynyň birinji Halkara festiwaly 17-20-nji sentýabr aralygynda Täjigistanyň Döwlet sirkinde geçiriler. Baýramçylyk ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanar diýip, Täjigistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Ýurduň Hökümetiniň hem-de Medeniýet ministrliginiň goldamagynda geçiriljek çärä tutuş dünýäden döredijilik wekilleri gatnaşar.
Festiwalyň maksady sirki sungatyny wagyz etmekden, hünärmenleriň özara tejribe alyşmagyna ýardam bermekden hem-de halkara medeni gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr diýip, ýurduň “khovar.tj” saýty habar berdi.