Ispaniýanyň çempionatynda soňky çempion “Barselona” myhmançylykda “Lewante” bilen duşuşyp, ahyrky minutlarda ýeňşini baýram etdi. Ýer eýeleri 1-nji ýarymda Romero (15) hem-de Moralesiň (45+7 p) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne katalonlar 2-nji ýarymyň başynda Pedri we Ferran Torresiň tapawutlanmagynda hasaby deňledi. “Barselona” ýeňiş goluny 90+1-nji minutda Elgesebalyň awtogoly esasynda geçirdi.
Myhmançylykda 24 ýyldan soň “La Liga” çykan “Owiedo” bilen duşuşan “Real Madrid” garşydaşyny 3-0 hasabynda utdy. Gollaryň 2-sini Kilian Mbappe (37, 83), beýlekisini-de oýna soň giren Winisius Junior (90+3) derwezä girizdi. “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Elçe” bilen 1-1 deňme-deň oýnap, bu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. Öz meýdançasynda “Žironany” 5-0 hasabynda ýeňen “Wilýarrealyň” 3 goluny kanadaly ýarymgoragçy Teýjon Býukenen geçirdi.
2-nji tapgyryň netijeleri
Betis – Alawes: 1-0, Malýorka – Selta: 1-1, Atletiko – Elçe: 1-1, Lewante – Barselona: 2-3, Osasuna – Walensiýa: 1-0, Wilýarreal – Žirona: 5-0, Real Sosiedad – Espanýol: 2-2, Owiedo – Real Madrid: 0-3, Atletik – R. Wallekano, Sewilýa – Hetafe