Portugaliýanyň öňdebaryjy klublaryndan “Benfika” gyşky transfer möwsüminiň soňky gününiň soňky pursatlarynda hüjümini güýçlendirjek 2 futbolçyny düzümine goşdy. Lissabon şäheriniň wekili Italiýanyň “Komo” toparyndan 31 ýaşyndaky hüjümçi Andrea Belottini transfer etdi. Belotti “Benfikada” möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnar. Belotti karýerasy boýunça “AlbinoLeffe”, “Palermo”, 7 ýyllap “Torino”, “Roma” hem-de “Fiorentina” (kärendesine) klublarynda oýnan Belottiniň “Serie A”-da 111 goly bar.
“Benfika” klubunyň 2-nji transferi Portugaliýadan bolup, ýurduň “Braga” toparyndan Bruma bilen düzümini güýçlendirdi. 31 ýaşyndaky ýarymgoragçy üçin “Benfika” 6,5 million ýewrony bragalylara berer. “Sportingde” futbola başlan Bruma “Galatasaraý”, “Real Sosiedad”, “Leipsig”, PSW, “Olimpiakos” hem-de “Fenerbahçe” klublarynda çykyş edipdi. Ol 2023-nji ýylyň ýanwarynda “Bragynyň” düzümine goşulypdy.
Belotti 17-nji, Bruma 27-nji belgili köýnekçäni geýer.
Benfika bu 2 futbolçydan öňem şu gyşda “Witoriýadan” portugaliýaly ýarymgoragçy Manu Silwany transfer edipdi.