“Mançester Sitiniň” täze tälimçisi resmi ýagdaýda mälim edildi

12

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynda Pep Guardiolanyň 10 ýyllyk tälimçiliginden soň, onuň ornuna bellenen hünärmen resmi ýagdaýda mälim edildi. Aslynda, italiýaly tälimçi Enzo Mareskanyň bu wezipä bellenjekdigi ozal habar berlipdi. Pep Guardiolanyň 46 ýaşyndaky şägirdi Mareska şäherliler bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu onuň tälimçilik karýerasyndaky 4-nji kluby bolar.

“West Bromwiç”, “Ýuwentus”, “Bolonýa”, “Piaçenza”, “Fiorentina”, “Sewilýa”, “Olimpiakos”, “Malaga”, “Sampdoriýa”, “Palermo”, “Werona” klubalrynda futbol oýnan Enzo Mareska 2021-nji ýylda tälimçilige baş goşdy. “Parma” toparynda tälimçilige başlan Mareska 2023/24 möwsüminde “Lester Sitini” 2-nji ligadan “Premier Liga” çykarypdy. 2024-nji ýylyň tomsunda-da “Çelsiniň” tälimçisi bolan Mareska londonlylara UEFA Konferensiýa Ligasynyň Kubogynyň hem-de FIFA Klublar Dünýä Kubogynyň çempionlyklaryny gazandyrdy. Şu ýylyň ýanwarynda bu klubdan gaýdan Mareska resmi taýdan tälimçi bolmazdan öň 2020-nji ýylda “Mançester Sitiniň” U-23 toparyny hem türgenleşdirip, olary “Premier Liga 2”-niň çempiony edipdi.

Enzo Mareska watandaşy Roberto Mançiniden soň “Mançester Sitini” türgenleşdirjek 2-nji italiýaly tälimçi bolar.

“Mançester Siti” toparyna Pep Guardiola 10 ýyllap tälimçilik edip, kluba 20 kubok gazandyrypdy. Ol 10 ýylyň dowamynda 593 duşuşygyň 416-synda ýeňiş gazanyp, 90-synda ýeňildi (87 deňlik). “Mançester Sitiniň” oýunçylary Pepiň tälimçiliginde 1423 gol geçirip, 522 goly derwezelerine goýberdiler.