Taryhynda ilkinji gezek 2-nji liga düşdi

10

Germaniýanyň çempionaty “Bundesligadan giden 3-nji topar “Wolfsburg” boldy. Şäheriň adybir topary pleý-off duşuşygynda “Paderborndan” 2 oýnuň netijesi boýunça asgyn geldi. Öz meýdançasynda golsuz deňme-deň oýnan “Wolfsburg” myhmançylykda “Paderborndan” 2-1 hasabynda ýeňildi. Şunlukda, “Wolfsburg” topary taryhynda ilkinji gezek “Bundesliga 2”-ä düşdi. Topar ilkinji gezek 1997/98 möwsüminde “Bundesliga” çykypdy we şondan bäri aşaky liga düşmän çykyş edip gelýärdi. 1945-nji ýylda esaslandyrylan klub 1997-nji ýyla çenli Germaniýanyň dürli ligalarynda çykyş edipdi.

“Wolfsburgdan” öň “Bundesligada” 17-18-nji orunlary eýelän degişlilikde “Haýdenhaým” bilen “Sankt-Pauli” topary çempionatyň iň soňky tapgyrynda 2-nji liga düşüpdi.

Olaryň ornuna “Bundesliga 2”-de çempionlyk gazanan “Şalke” hem-de taryhynda ilkinji sapar “Elwersberg” toparlary, pleý-offda “Wolfsburgy” ýaryşdan çykaran we 6 ýyl soň dolanan “Paderbon” Germaniýanyň iň ýokary ligasynda oýnar.