Türkiýäniň “Beşiktaş” topary Italiýanyň “Roma” klubundan iňlis hüjümçi Temmi Abrahamy düzümine goşdy. Türk topary 27 ýaşyndaky hüjümçiniň transfer üçin rimlilere 20 million ýewro berer. “Beşiktaş” bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşan Abraham ýyllyk 5 million ýewro hak alar.  2017-nji ýylda “Çelside” futbola başlan Abraham londonlylaryň düzüminde 82 oýunda 30 gol geçirdi. Ol “Bristol Siti”, “Swansi Siti”, “Aston Willa” ýaly klublarda kärendesine çykyş edenden soň, 2021-nji ýylda “Roma” transfer boldy. Paýtagtlylarda 3 möwsüm oýnan Abraham geçen möwsümi “Milanda” kärendesine geçirdi. Abraham klublarda jemi 373 duşuşykda 137 gezek tapawutlandy. Onuň Angliýanyň ýygyndysynda-da 11 oýunda 3 goly bar.