BMG-niň Baş Assambleýasy Antoniu Guterrişi ikinji gezek guramanyň Baş sekretary wezipesine belledi. Onuň bu wezipede indiki möhletiniň 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2026-njy ýylyň 31-nji dekabry aralygynda boljakdygyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Wolkan Bozkyr yglan etdi.
Guterriş BMG-niň dokuzynjy Baş sekretarydyr. BMG-niň Baş sekretary Birleşen Milletler Guramasynyň baş dolandyryjy işgäridir. Baş sekretar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň teklibi bilen guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan bellenilýär. Howpsuzlyk Geňeşiniň karary adatça resmi däl maslahatlar we birnäçe reýting sesleri bilen berilýär. Umumy kabul edilen tejribä laýyklykda, Baş sekretar Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan ýurtlaryň wekillerinden saýlanmaýar. BMG-niň Baş sekretary bäş ýyllyk möhlete saýlanýar we täze möhlete gaýtadan saýlanyp hem bilner. Baş sekretaryň bäş ýyllyk möhletiniň çägi ýok bolsa-da, şu wagta çenli hiç kim bu wezipäni iki gezekden köp eýelemedi. Baş sekretaryň rezidensiýasy BMG-niň Tertl-Beýde ýerleşýän binasydyr. Antoniu Guterriş bu wezipäni 5 ýyllyk möhlet bilen 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri eýeleýär. Guterriş Baş sekretar wezipesine ýeke-täk dalaşgär boldy.
Baş sekretaryň öňki agzalary: Pan Gi Mun (Koreýa Respublikasy) 2007-nji ýylyň ýanwaryndan 2016-njy ýylyň dekabry aralygynda işledi. Kofi Annan (Gana) 1997-nji ýylyň ýanwaryndan 2006-njy ýylyň dekabry aralygynda; Butros Butros-Gali (Müsür), 1992-nji ýylyň ýanwaryndan 1996-njy ýylyň dekabry aralygynda; Hawýer Peres de Kuelýar (Peru) 1982-nji ýylyň ýanwaryndan 1991-nji ýylyň dekabry aralygynda; Kurt Waldhaým (Awstriýa) 1972-nji ýylyň ýanwaryndan 1981-nji ýylyň dekabry aralygynda; U Tan (Birma, häzirki Mýanma) 1962-nji ýylyň noýabr aýyndan 1971-nji ýylyň dekabr aýyna çenli; Dag Hammarşeld (Şwesiýa) 1953-nji ýylyň aprelinden 1961-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli; Trýugwe Li (Norwegiýa) 1946-njy ýylyň fewralyndan 1952-nji ýylyň noýabr aýyna çenli bu wezipede işledi.