Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Sergeý Katyrin 10 müň nusgada BRICS-iň ýadygärlik banknotynyň çap edilendigini habar berdi. Sergeý Katyrin ýadygärlik banknotyny döretmek pikiriniň, işewür toparlary tarapyndan BRICS-iň köp polýarlygy, deň hukuklylygy we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerini wizual we konseptual taýdan birleşdirjek bir görnüş tapmaga tagalla eden mahaly ýüze çykandygyny belledi.
BRICS-iň simwoliki banknoty ilkinji gezek 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda görkezildi. 2025-nji ýylda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda 200 nominal bilen täze simwoliki “BRICS-iň banknoty” hödürlendi. Onuň bir tarapynda blogy esaslandyryjy ýurtlarda ýaşaýan (Russiýa, Braziliýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika) guşlar, beýleki tarapynda bolsa bileleşigiň agza döwletleriniň baýdaklary şekillendirilýär.
BRICS 10 döwletden ybarat bileleşik bolup, Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika, BAE, Eýran, Müsür, Efiopiýa we Indoneziýa ýaly ýurtlar girýär. Bileleşik 2006-njy ýylyň iýun aýynda döredildi. Ilki bilen bileleşik dört ýurdy öz içine alýardy, ýöne 2010-njy ýylda Günorta Afrika goşuldy. Guramanyň maksady, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüş depginini ýokarlandyrmak we biri-biri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek arkaly dünýädäki orunlaryny berkitmekden ybarat. 2023-nji ýylda alty ýurt bu bileleşige goşulmaga çagyryldy: Argentina, Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa. 2025-nji ýylda Indoneziýa BRICS-iň agzasy boldy.