19-njy ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütindünýä ykdysady forumy (WEF) öz işine başlady. “Dialog ruhy” şygary astynda guralýan forum 23-nji ýanwara çenli dowam eder. WEF-iň Başlygy Býorge Brende geosyýasy we tehnologik öwrülişigiň başdan geçirilýändigine ünsi çekip, halkara hyzmatdaşlygy üçin häzirki ähmiýetli döwürde dialogyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Halkara maslahata dünýäniň dürli ýerlerinden syýasy liderler, ykdysatçylar, işewürler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşýar. Bu ýylky maslahata dünýäniň 65 ýurdunyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem 400 töweregi ýokary derejeli syýasy ýolbaşçy gatnaşýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Germaniýanyň Premýer-ministri Fredrik Mers, Kanadanyň hökümet Başlygy Mark Karni, Hytaýyň wise-premýeri He Lifen, Siriýanyň wagtlaýyn Prezidenti Ahmed Şara, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Pakistanyň hökümet Başlygy Şahbaz Şarif, Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Ispaniýada bolup geçen otly heläkçiligi sebäpli Premýer-ministr Pedro Sançesiň maslahata gatnaşmajakdygy mälim edildi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala we beýleki iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem maslahatlara gatnaşyp, çykyş ederler.
ABŞ maslahata iň köp wekiliýet bilen gatnaşýar. Foruma Prezident Tramp bilen bir hatarda Döwlet sekretary Marko Rubio we ýene-de 4 ministr, Trampyň geňeşçisi Jared Kuşner we Ýörite wekili Stiw Witkoff gatnaşar.
Maslahatda gürrüňi ediljek temalaryň biri hem emeli aň barada bolar. Şonuň üçin hem iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary maslahata gatnaşýar. Soňky ýyllarda emeli aň, esasan, lukmançylyk we bilim pudagynda ulanylyp başlandy. Bu pudaklaraa ummasyz maýa goýum gönükdirildi.