Halkymyzda iň gowy zatlar durmuşymyzyň gülleri bolan çagalara bagyşlanýar. Çünki olaryň şatlygy – dünýämiziň abadanlygy, abatlygy.
Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berýär. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagy başarypdyrlar.
Terbiýäniň düýp binýady ilki maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn nesil ýetişýär. Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanyşyklylygy talap edýär. Halkymyzyň ula hormat, kiçä sarpa goýmak baradaky maşgala edebi nesilden-nesle geçip, häzirki günlerde hem berk berjaý edilýär. Bu asylly ýörelgelere eýermegi ýaş nesillerimize çagalykdan endik etdirilýär. Il içinde «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hatarynda iň häzirki zaman enjamlary, multimediýa we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen täze çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk edaralary, çagalar üçin ylmy-çeperçilik merkezleri, sport meýdançalary, dynç alyş merkezleri bar. Şunuň ýaly möhüm durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygy ýurduň ýaş nesilleri hakynda köp taraplaýyn aladany esasy ugur edinýän giň möçberli bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär.
2024-2025-nji okuw ýyly hem tamamlandy. Häzirki döwürde ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda alada edilýär. Şu ýyl hem tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem sebitlerimizdäki döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alyşlar guralar.
Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýany tassyklap, üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär. Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Eneligi we çagalygy goramak boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
1-nji iýunda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, 1949-njy ýylda Fransiýada Zenanlaryň Halkara demokratik Federasiýasynyň Geňeşiniň sessiýasynda 1-nji iýun çagalaryň goragynyň güni diýlip çözgüt çykarylýar we 1950-nji ýylda 51 döwletde bu baýramçylyk bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasy hem bu pikiri goldaýar we çagalaryň hukuklaryny, janyny we saglygyny goramaklygy öz işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolar diýip yglan edýär. Şeýlelik bilen 1950-nji ýyldan başlap bu gün Çagalary goramagyň halkara güni diýlip bellenilip başlandy. Bu baýramçylyk mynasybetli dürli görnüşli sport ýaryşlary, çagalara degişli kinofilmleriň ýa-da gepleşikleriň görkezilişi, surat çekmek bäsleşikleri, medeni, aýdym-sazly çäreler geçirilýär.
Allamyrat GALANDAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.