Uludan kiçi hemme üçin gyzykly ýerleriň biri bolan muzeýler taryhy gymmatlyklar, medeni oýlap tapyşlar we däp-dessurlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Maglumatlara görä, dünýäde ululy-kiçili 104 müň töweregi muzeý bar. Muzeýler jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmekde, bilimleri paýlaşmakda we beýleki halklar bilen aragatnaşyk saklamakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem ýaş nesilleriň ýa-da şol sebitde ýaşaýan adamlaryň geçmiş barada pikirlenmegi, sapak almagy we geljegi göz öňüne getirmegi üçin muzeýler bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Muzeýler içinde saklanýan eksponatlara görä, umumy, tebigy taryh we tebigy ylym, ylym we tehnologiýa, taryh we sungat, wirtual muzeý ýaly 5 topara bölünýär. Käbir ýurtda içinde oýnawaçdyr güýmenje meýdançalary, bilim berýän interaktiw meýdançalary bolan çagalara niýetlenen muzeýler hem bar. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!
«Tropenmuseum Junior», Niderlandlar. Ýewropanyň ilkinji çagalar muzeýi bolan «Tropenmuseum Junior» 1975-nji ýylda döredilýär. 6-13 ýaş aralygyndaky çagalara niýetlenen bu muzeý dürli ýurtlaryň medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Muzeýde oýunjaklar bilen bir hatarda diwarda düzülýän uly pazzllar, tans meýdançalary we surat çekilýän meýdançalar bar. Amsterdamda ýerleşýän bu muzeý çagalar üçin niýetlenen iň gyzykly ýerleriň biridir.
«Eureka! Milli çagalar muzeýi», Angliýa. Ilkinji gezek 1985-nji ýylda haýyr-sahawat guramasy hökmünde açylan bu muzeý 1992-nji ýylda resmi taýdan muzeýe öwrülýär. Bu ýerde 400-den gowrak interaktiw meýdança we sergi otaglary bar. Çagalara dürli oýunlar arkaly interaktiw bilim bermek maksady bilen döredilen bu muzeýe 11 ýaşa çenli çagalar baryp bilýärler.
Nýurnberg oýnawaç muzeýi, Germaniýa. Lidiýa Baýeriň we ýoldaşy Pol Baýeriň 1920-nji ýyllarda ýygnap başlan oýnawaç kolleksiýasy esasynda 1971-nji ýylda bu muzeýiň düýbi tutulýar. Muzeýde 80 müň töweregi görkezme oýnawaçlar bar. Häzirki wagta çenli 5,5 milliondan gowrak çagany kabul eden we wagtyňy gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýän bu muzeý diňe dynç alyş günleri işleýär.
«Junibacken», Şwesiýa. Bu muzeýiň hekaýaty meşhur çagalar kitaby «Pippi Longstocking»-iň awtory Astrit Lindgren bilen başlaýar. Muzeýde çagalara niýetlenen çeper eserleriň müňlerçesi bar. Okalga merkezi hem diýilýän bu muzeýde bir ýylyň dowamynda 1600-den gowrak spektakl görkezilýär. Şwesiýanyň iň uly teatry adyna eýe bolan «Junibacken» muzeýi ertekilerdäki obalary ýadyňa salýar. Agaç jaýlar, gämiler, tagtadan ýasalan ulaglar bu ýeri has täsin görkezýär.
Bruklin çagalar muzeýi, ABŞ. Dünýädäki iň gadymy çagalar muzeýi adyna eýe bolan Bruklin muzeýi 1899-njy ýylda Nýu-Ýorkda esaslandyrylýar. Şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, tebigy ylymlar boýunça sapaklar we dünýä medeniýetleri boýunça sergiler bu muzeýdäki iň gyzykly güýmenjeler hasaplanýar. Muzeýe hepdäniň islendik güni baryp bolýar.
Labirint çagalar muzeýi, Germaniýa. 1997-nji ýylda açylan bu muzeýiň içi labirinte meňzeýär. Biri-birine sepleşip gidýän geçelge ýodalary bolan bu muzeýde sergiler hem geçirilýär. Muzeýe penşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri baryp bolýar. Muzeýde çagalaryň surat çekmekleri, oýnamaklary we bilim almaklary üçin birnäçe meýdançalar bar.
«Indianapolis çagalar muzeýi», ABŞ. 480 müň inedördül metr sergi meýdany bolan bu muzeý dünýädäki iň uly çagalar muzeýi hasaplanýar. Çagalar muzeýde ylgap oýnamak bilen bir hatarda, dinozawrly meýdanda gezelenç edip, taryh we ýeriň üstki gatlagy bilen bagly gyzykly sapaklary diňläp bilýärler. Bu ýerde köp sanly sergiler hem geçirilýär. Muzeýe duşenbe günden başga hepdäniň ähli günleri baryp bolýar.
Ählumumy çagalar muzeýi we bilim şäherçesi, Türkiýe. Ýurduň ýeke-täk çagalar muzeýi hasaplanýan desga Izmir şäherinde ýerleşýär. Çagalar bu ýerde güýmenmek bilen bir hatarda, mugallymlardyr arheologlaryň sapaklaryna gatnaşyp, bilimlerini artdyryp bilýärler. Muzeýde köp ugurdan ökde hünärmenler işleýär. Muzeýiň açyk seýilgäh meýdançasynda dinozawrlar we mamontlar bolup, içinde bölek-bölek görkezme haýwanat baglary bar. Kosmos otagy we güýmenje meýdançalary çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.