UEFA Konferensiýa Ligasynda çärýek finalyň jogap oýunlary oýnaldy. Warşawada “Legiýany” 3-0 hasabynda ýeňen “Çelsi” öz meýdançasynda polýak klubundan 2-1 hasabynda asgyn geldi. Ýöne muňa garamazdan, umumy hasapdan 4-2 öňe saýlanan londonlylar ýarym finala çykmagy başardy. Ýeňiş gazanan “Legiýanyň” gollaryny 10-njy minutda penaltiden Pekart bilen 53-nji minutda Kapuadi geçirdi. Şu möwsümde ilkinji gezek utulan “Çelsiniň” ýeke-täk goluny bolsa 33-nji minutda Kukurelýa derwezä girizdi.
Öz meýdançasynda “Ýagelloniýa Belostok” toparyny 2-0 hasabynda utan “Betis” myhmançylykda deňme-deň oýnady. Ýer eýeleri Bakambunyň 78-nji minutdaky goluna 81-nji minutda Çurlinowyň goly bilen jogap berdi.
“Fiorentina” myhmançylykda Sloweniýanyň “Selýe” toparyny 2-1 ýeňipdi. Ýöne jogap duşuşygy italýanlar üçin ýeňil geçmedi. Duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde gutaryp, ýer eýeleriniň gollaryny Mandragora (37) bilen Moýza Ken (67) geçirdi. 2-1 hasabynda öňe saýlanan “Selýe” toparynyň adyndan bolsa Matko (54) bilen Nemaniç (65) tapawutlandy. “Fiorentina” bu ýaryşda bassyr 3-nji gezek ýarym finala çykdy.
Bir hepde öň öz meýdançasynda 1-0 hasabynda asgyn gelen Şwesiýanyň “Ýurgorden” topary myhmançylykda Awstriýanyň paýtagtynyň “Rapid” toparyny esasy wagtda 2-1 ýeňdi. Goşmaça wagtda-da 2 gol salan “Ýurgorden” 4-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi (Danielson 42 p, Kosugi 77, Gulliksen 93, 105 – Une 45+1 ö.d.) we edil “Betis” ýaly UEFA-nyň ýaryşlarynda ilkinji gezek ýarym finala çykdy.