Transfer möwsüminiň hemişe iň işjeň klublaryndan Londonyň “Çelsi” topary “Aston Willanyň” iňlis ýyldyzy Morgan Rojersi düzümine goşdy. “Çelsi” Rojersiň transferi üçin birmingemlilere 117 million funt sterlinge (137 million ýewro) tölär. “Çelsi” topary 26-njy iýulda 24 ýaşyny doldurjak ýarymgoragçy bilen 2033-nji ýyla çenli (7 ýyllyk) şertnama baglaşdy. Morgan Rojers iňlis futbolynyň taryhyndaky iň gymmat transfer hökmünde hasaba alyndy.
Rojers karýerasyna “West Bromwiç Albionda” başlap, “Mançester Sitiniň” U21 toparynda oýnady. Soňlugy bilen, “Linkoln Siti”, “Birmingem Siti”, “Bläkpul” klublarynda kärendesine oýnap, 2023-nji ýylda “Middlsbro” toparyna transfer boldy. 2024-nji ýylyň fewralynda “Aston Willanyň” düzümine goşuldy. Ol bu toparda 2,5 möwsüm oýnap, 125 oýunda 31 gezek tapawutlandy. Toparyň geçen möwsümde Ýewropa Ligasyny gazanmagyna uly goşant goşdy.
Angliýanyň milli ýygyndysynda 22 oýunda 1 gol geçiren Rojers “Çelside” 17-nji belgili köýnekçäni geýer.
Ol Habi Alonsony tälimçilige bellän Çelsiniň şu möwsümde düzümine goşan 4-nji futbolçysy bolup, londonlylar italiýaly Marko Pallestrany (43 million funt), niderland Emmanuel Emegany (22 million funt) hem-de portugaliýaly Jeowani Kuendany (40 million funt) transfer edipdi.
Mark Kukurelýa, Taýrik Jorj hem-de Andreý Santos ýaly oýunçylar bolsa “Çelsiden” başga klublara transfer boldy.
PDF









