UEFA Çempionlar Ligasynda 1,5 aýlyk arakesme tamamlanýar. Liga tapgyrynyň galan oýunlary, 7-nji duşuşyklar şu gije we ertir gije oýnalar.

Tapgyryň iň esasy oýny Milan şäherinde “Inter” bilen ýeke utuk hem ýitirmän gelýän “Arsenalyň” arasynda bolar.

Soňky çempion PSŽ Lissabonda “Sporting bilen duşuşar. “Real Madrid” bolsa super ýyldyz oýunçysy Kilian Mbappeniň öňki toparlaryndan “Monakony” kabul eder.

Şeýle-de, “Tottenham” – “Borussiýa Dortmund”, “Galatasaraý” – “Atletiko”, “Ýuwentus” – “Benfika”, “Marsel” – “Liwerpul” duşuşyklary öňe saýlanýan beýleki oýunlar hasaplanýar.

 

Şu gije (sişenbe)

Kairat – Klub Brýugge (20:30

Bude-Glimt – Mançester Siti (22:45)

Kopengagen – Napoli (01:00)

Inter – Arsenal (01:00)

Olimpiakos – Baýer (01:00)

Real Madrid – Monako (01:00)

Sporting – PSŽ (01:00)

Tottenham – Borussiýa Dortmund (01:00)

Wilýarreal – Aýaks (01:00)

 

Ertir gije (çarşenbe)

Galatasaraý – Atletiko Madrid (22:45)

Garabag – Aýntraht (22:45)

Atalanta – Atletik Bilbao (01:00)

Çelsi – Pafos (01:00)

Bawariýa – Ýunion Sent-Žilluaz (01:00)

Ýuwentus-  Benfika (01:00)

Nýukasl – PSW (01:00)

Marsel – Liwerpul (01:00)

Slawiýa Praga – Barselona (01:00)