Ýertudana bägülgüllüler maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk ösümlik bolup, iýilýän görnüşi ilkinji gezek XV asyrda peýda bolýar. Ata Watany Demirgazyk Amerika hasaplanýan bu miwe birnäçe asyrdan soňra medenileşdirilip, täze görnüşleri peýda bolýar. Ýertudananyň düzüminde köp sanly peýdaly maddalar we ýokumly serişdeler saklanýar. Ýerde bitýän miwäniň bu görnüşi maý-iýun aýlarynda ýetişýär. Çigidi daşynda ýerleşýän bu miwäniň Ýer ýüzünde 600 töweregi (ak, gülgün, gyzyl, sary, altynsow reňkli) görnüşi bar.
Ýertudana adam bedeni üçin zerur bolan miweleriň biridir. Bu miwe irki ýyllardan bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelnen dermanlyk ösümlikleriň biri hasaplanýar. Ýertudananyň iýmişinden we guradylan ýapraklaryndan dürli melhemler taýýarlanypdyr. Sowuklamada giňden ulanylan bu miwäniň düzüminde köp mukdarda şeker, kalsiý, fosfor, marganes, uglewodlar, demir, kobalt, pektin ýaly maddalar we witaminler saklanýar. Bu miwe ýürek-damar, böwrek, aşgazan ýetmezçiliginiň öňüni almaga, deri kesellerini bejermäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýertudananyň mikroblara garşy işjeňlik häsiýeti bar. Her gün ortaça mukdarda (10-12 sany) ýertudana iýmek bedeni zerur bolan A, C witamini, kaliý, kalsiý, magniý we folat bilen üpjün edýär.
Ýertudananyň saglyga peýdasy
Ýertudananyň düzüminde köp mukdarda C witamini saklanýar. Bu bolsa immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär. Ýertudanany mazaly ýuwanyňdan soň, terligine iýmek bedeni C witamin bilen üpjün edip, immuniteti güýçlendirýär.
Ýertudana folata, ýagny B9 witamine baý miweleriň biridir. Bu madda bedende gan öýjükleriniň kadaly derejede öndürilmegini üpjün edip, ganazlyga sebäp bolýan ýagdaýlaryň öňüni alýar. Göwreli we çagaly aýallaryň ýeterlik derejede ýertudana iýmegi ganazlygyň öňüni almaga ýardam edýär.
Her gün ýeterlik derejede ýertudana iýmek ýürek-damar ulgamynda döräp biljek howplaryň öňüni alýar. Bu miwäniň düzümindäki bioaktiw maddalar erkin radikallara garşy göreşmäge, stresi azaltmaga, arteriýanyň gatamagynyň öňüni almaga (ateroskleroz) we gan basyşyny kadaly derejede saklamaga ýardam edýär.
C witamini deriniň çeýeligini üpjün edýär. Tomsuna, esasan hem, howanyň jokrama günleri ýeterlik derejede ýertudana iýmek ultramelewşe şöhleleriniň derä zeper ýetirmeginden goraýar. Şeýle hem ýertudana deriniň garramagynyň öňüni alýar.
Ýertudananyň düzümindäki askorbin kislotasy we C witamini beýniniň nerw öýjüklerini örtýän gabygyň zeperlenmeginiň öňüni alyp, ýatkeşligi, netijä gelmegi we ýat tutmak endigini güýçlendirmäge ýardam edýär.
Şeýle hem ýaz paslynyň meşhur miwesi holesteriniň döremek howpuny azaltmaga, içgatamanyň öňüni almaga, diş etini çeýe saklamaga, gandaky şekeri kadaly derejede saklamaga ýardam edýär. Ýertudana aşa köp iýlende agramyň artmagyna we iýmit siňdirişiň bozulmagyna sebäp bolup biler.
PDF









