BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP31) geljek ýyl Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriler. Bu barada Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albaneze mälim etdi. Ol Awstraliýanyň paýtagty Kanberranyň COP31-i geçirmek boýunça teklibini yzyna alýandygyny habar berdi. Şeýle-de Entoni Albaneze Howanyň üýtgemegi boýunça ministr Kris Boueniň Türkiýede geçiriljek COP31 gepleşiklerinde Awstraliýanyň adyndan wekilçilik etjekdigini habar berdi.
-Ylalaşyk esasynda Kris Bouen COP31-e başlyklyk eder, maslahaty geçirmek hukugy bolsa, Türkiýä geçirildi. COP31-e taýýarlyk görmek boýunça esasy gepleşikler Awstraliýada geçiriler. Maslahatyň esasy temasy howa boýuna maksatnamalary maliýeleşdirmek we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen ekologiýa raýdaşlygy bolar – diýip E. Albaneze aýtdy.
Awstraliýanyň Premýer-ministri COP31-i geçirmek baradaky ylalaşygy “Awstraliýa we Türkiýe üçin uly üstünlik” diýip baha berdi. – Şunuň ýaly howa çäreleri bilelikde we ylalaşyk esasynda geçirilmelidir – diýip ol belledi.