Daniýada täze hökümet guruldy

2

Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen ýurtda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň, 69 günüň dowamynda jemlenen iň bir kyn we dowamly gepleşikleriň netijesinde täze dört partiýadan ybarat bolan koalisiýa hökümetiniň guralandygyny habar berdi. Bu döwür Daniýanyň taryhynda täze hökümeti gurmak boýunça iň uzak dowam eden ylalaşyk tapgyry hökmünde hasaba alyndy.
Korol Frederik X bilen duşuşykdan soň çykyş eden Premýer-ministr M. Frederikseniň bellemegine görä, täze hökümetiň kabinetiniň düzümine Sosial-demokratlar, Sosialistik halk partiýasy, Sosial-liberal partiýasy we “Moderaterne” partiýasy girer. Täze hökümetiň syýasy maksatnamasy bolsa resmi taýdan ýakyn günlerde jemgyýetçilige ýetiriler. Hökümet Baştutany geçirilen gepleşikleri «uzak we agyr» diýip häsiýetlendirdi hem-de köp sanly kynçylyklara garamazdan, bu tapgyryň ahyrsoňy şowly tamamlanmalydygyny nygtady.
Ýeri gelende ýatlasak, Daniýada şu ýylyň 24-nji martynda parlament saýlawlary geçirilipdi. Saýlawlaryň netijesinde M. Frederikseniň ýolbaşçylygyndaky Sosial-demokratlar partiýasy ýurduň iň uly syýasy güýji bolmagyny saklasalar-da, ep-esli ses ýitirdiler. Munuň netijesinde parlamentde ne çepçi we ne-de sagçy syýasy bloklar zerur köplügi üpjün edip bilmediler we bu ýagdaý täze hökümeti gurmak boýunça uzak möhletli gepleşikleriň geçirilmegine sebäp boldy.