Si Szinpin KHDR-e döwlet sapary bilen bardy

3

Şu gün – 8-nji iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna (KHDR) döwlet sapary bilen geldi. Bu Hytaý lideriniň soňky sekiz ýylyň dowamynda Demirgazyk Koreýa amala aşyran ilkinji saparydyr. Saparyň barşynda Si Szinpin Hytaý bilen KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyra gadam basandygyny aýtdy. Ol Hytaýyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary strategik taýdan ösdürmek, olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmek we özara arabaglanyşygy has-da ilerletmek üçin Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.
Si Szinpiniň sözlerine görä, taraplar iki ýurduň sosialistik ösüşiniň durnukly ilerlemegini üpjün etmek üçin özara gatnaşyklary we düşünişmegi berkitmelidirler. Hytaýyň Baştutany iki döwletiň hem hyzmatdaşlygy giňeltmelidigini, halklaryň abadançylygyna we dostlugyna goşant goşmalydygyny mälim etdi.