Ýewropanyň statistika edarasynyň (Eurostat) maglumatlaryna görä, fewral aýynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary söwda saldosy 4,8 milliard ýewro artyk bolupdyr.
Statistika edarasy Ýewropa Bileleşiginde hem-de Ýewro sebitinde fewral aýyna degişli maglumatlary ýaýratdy. Maglumatlara görä, Ýewropa Bileleşiginiň eksporty ýylyň ikinji aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8 göterim artyp, 207,7 milliard ýewro ýetipdir. Degişli döwürde import 2,8 göterim azalyp, 202,9 milliard ýewro bolupdyr. Şeýlelikde, eksportyň möçberi importyňkydan 4,8 milliard ýewro töweregi artyk bolupdyr. Netijede, bileleşigiň daşary söwda saldosy 2021-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji gezek artyk bolupdyr.
Hasabat döwründe Ýewro sebitinde bolsa, eksport 7,6 göterim artyp, 232,7 milliard ýewro, import bolsa, 1,1 artyp, 228,1 milliard ýewro ýetipdir. Şeýlelikde Ýewro sebitinde daşary söwda saldosy fewral aýynda 4,6 milliard ýewro bolupdyr.
Degişli döwürde Ýewropa ýurtlaryndan iň köp import eden ýurt 39,3 milliard ýewro bilen ABŞ bolupdyr. Ikinji ýerdäki Beýik Britaniýa 27,3 milliard ýewrolyk haryt we hyzmat import edipdir. Bu ugurda Hytaý (19,5 milliard ýewro) üçünji we Şweýsariýa (15,4 milliard ýewro) dördünji bolupdyr.
Ýewropa Bileleşigine iň köp haryt eksport eden ýurtlaryň arasynda 42 milliard ýewro bilen Hytaý öňdeligi eýeleýär. Ikinji ýerdäki ABŞ 26 milliard, üçünji orundaky Beýik Britaniýa 15,3 milliard ýewrolyk haryt eksport edipdir. Şweýsariýa (10,4 milliard ýewro) we Norwegiýa (9,9 milliard ýewro) degişlilikde bu ugurda dördünji we bäşinji ýeri eýeläpdirler.
Myrat Amantaganow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.