Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň we hünär-tehniki mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary şu ýylyň 26-njy martynda, 19-njy aprelinde we 14-nji maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Şol günlerde ýaşlar orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw terbiýeçilik hem-de medeni köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.
«Açyk gapylar» güni görkezilen salgyda sagat 15:00-da geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2035-nji (Kemine) köçesiniň 84-nji jaýy.
Telefon belgileri: 94-31-47,94-31-27.