Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şunda ýaş nesliň dünýä dillerini özleşdirmeklerine, olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine uly ähmiýet berilýär.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek arkaly ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy we mazmunyny baýlaşdyrmagy möhüm wezipeler hökmünde öňde goýdy. Konsepsiýanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda degişli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň bilim derejesini kämilleşdirmekde hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen bilim işgärleriniň ýüzlerçesi okuw ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde hünärlerini ýokarlandyrdylar. Bu bolsa bilim edaralarynda döwrüň talabyna we ösüşine laýyklykda okatmaga we terbiýeçilik işlerini alyp barmaga ýardam edýär.
Mekdep okuwçysynyň kämil bilimli, ylmyň soňky gazananlaryndan doly baş çykaryp, öz saýlan ugrundan gory ýetik hünärmen bolmagy üçin dünýä dillerinden baş çykaryp bilmegi ilkinji nobatdaky zerurlykdyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmek elmydama üns merkezinde saklanýar. Aýratyn-da, iňlis dilini okatmagyň usulyýeti yzygiderli kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de, çagalara daşary ýurt dilleri heniz çagalar bagyna gatnaýan wagtyndan öwredilip başlanýar. Ýaş nesle iňlis dilini ýokary derejede öwretmekde sapaga degişli oýunlaryň peýdasy uludyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda umumybilim berýän orta mekdepler üçin daşary ýurt dillerine degişli innowasion okuw maksatnamalarydyr okuw kitaplary taýýarlanýar we okuw işine ornaşdyrylýar. Mekdepler üçin daşary ýurt dilleriniň okuw kitaplarynyň üstümizdäki ýylda hem birnäçesiniň neşir edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr.
Dil öwrenmek döredijiligi we zähmeti talap edýär. Döredijilikli zähmet bilen meşgullanmak bolsa ynsany durmuşa taýynlaýar, halaýan hünärini, kärini saýlamakda netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýär. Ýazmak dil öwrenmegiň başlangyjy hasaplanýar. Belli filologlaryň okuw usullaryndan biri hem dil öwrenilende, şol bir sözi bir-iki sahypany dolduryp ýazmakdyr. Bu usul sabyrlylygy, maksadaokgunlylygy artdyryp, täze öwrenilýän sözüň çalt aňda galmagyna getirýär.
Iňlis dilini okatmak üçin mekdepleriň mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwlary we daşary ýurt professorlary, dilçi alymlary bilen okuwlar guralyp, mugallymlaryň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda ýokary guramaçylykly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa mekdeplerde iňlis dili dersini okadýan mugallymlaryň okuw sapaklaryny döwrebap guramaklaryna uly kömek edýär.
Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.