Angliýanyň çempionatynda 27-nji tapgyryň iň soňky duşuşygynda “West Ham” öz meýdançasynda “Lester Sitini” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary 21-nji minutda Tomaş Souçek bilen 43-nji minutda Ýannik Westergor (awtogol) geçirdi.
Bu duşuşykdan soň utugyny 33-e ýetiren “West Ham” 15-nji orna beýgeldi.
Duşuşykda 1-nji goly geçiren Tomaş Souçek “Premier Liganyň” taryhyna adyny ýazdyrdy. Ol Angliýanyň “Premier Ligasynda” öz doglan gününde 2-nji gezek gol geçiren 2-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. 30 ýaş toýunda “Lesteriň” derwezesinden gol geçiren Souçek 27 ýaşynda-da, ýagny 2022-nji ýylyň 27-nji fewralynda “Wulwerhemptonyň” derwezesinden gol salypdy.
Souçekden öň öz doglan gününde 2 dürli wagtda gol geçiren Teddi Şeringam bardy. Angliýaly meşhur hüjümçi 1994-nji we 1995-nji ýyllarda öz doglan gününde tapawutlanypdy.