Ispaniýanyň çempionatynda çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan 2 topar – hem “Barselona”, hem-de “Real Madrid” 34-nji tapgyrda kynlyk bilen ýeňiş gazandy. Iň aşaky orundaky “Walýadolid” bilen duşuşan “Barselona” 2-nji ýarymda ýeňiş gazanmagy başardy. Iwan Sançesiň 6-njy minutda geçiren goluna katalonlar Rafinýa (54) hem-de Fermin Lopesiň (60) gollary bilen jogap berdi. “Real Madrid” bolsa öz meýdançasynda “Seltany” kabul edip, Arda Güler (33) hem-de Mbappeniň (39, 48) gollary bilen ilkinji 50 minutda 3-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne Raul Asensiony oýundan çykaran Karlo Ançelotti duşuşygyň soňky pursatlaryny kynlyk bilen geçirdi. “Selta” topary Rodriges (69) hem-de Swedbergiň (76) gollary bilen aratapawudy 1 gola düşürdi. Netijede, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” “El Klasikodan” öň 4 utuklyk aratapawudy saklamagy başardy.
35-nji tapgyryň iň esasy duşuşygy 11-nji maýda oýnalyp, “Barselona” öz meýdançasynda “Real Madridi” kabul eder. Duşuşyk 19:15-de başlanar.
Wallekano – Hetafe: 1-0 (Ležen 7),
Alawes – Atletiko: 0-0,
Wilýarreal – Osasuna: 4-2 (Aýose Peres 2, 39, Barri 33, Pepe 71 – Ruben Garsiýa 66, Oros 80 p),
Las-Palmas – Walensiýa: 2-3 (Ramires 45+2 p, MakBerni 83 – Duro 22, 58, Suares 75 ö.d.),
Walýadolid – Barselona: 1-2 (Iwan Sançes 6 – Rafinýa 54, Fermin Lopes 60),
Real Madrid – Selta: 3-2 (Güler 33, Mbappe 39, 48 – Rodriges 69, Swedberg 76),
Sewilýa – Leganes: 2-2 (Salas 21, Romero 70 – Munir 7, Hernandes 73),
Espanýol – Betis: 1-2 (Fernandes 28 – Lo Çelso 85, Antoni 90+1),
R. Sosiedad – Atletik: 0-0,
Žirona – Malýorka (şu gije)