10-njy oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde ylym we bilim ulgamynda Türkmenistan bilen birnäçe daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Dabarada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Birleşen Patyşalygyň Norwiç dil bilimi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň Filosofiýa III – pedagogika ylmy fakultetiň arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga bol çekildi. Bu resimnamalar ylym, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolup, ýokary okuw mekdebimiziň strategik wezipeleri durmuşa geçirmäge, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen giň gerimli işleriniň täze tapgyryny alamatlandyrýar.
Şunuň bilen birlikde, bu resminamalar diňe bir iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine däl, eýsem, halkara ylmy gatnaşyklarynyň hem ösmegine, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň we talyplaryň täze tejribeleri ele almagyna giň ýol açýar.
Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty.