Dünýä Kubogy 2026-a iň köp argentinaly tälimçiler gatnaşýar

4

Futbol boýunça Dünýä Kubogy ilkinji gezek 48 ýygyndynyň gatnaşmagynda geçiriler. 12 toparçada çykyş etjek toparlary dürli ýurtlaryň hünärmenleri türgenleşdirýär. Umuman, 48 ýygyndynyň 27-sine legioner, ýagny başga ýurduň hünärmenleri tälim berýär. 21 milli ýygyndy bolsa öz wekilleri bilen çempionata gatnaşýar.

Iň köp tälimçi Argentinadan bolup, bu ýurduň raýatlygyndaky 6 tälimçi Dünýä Kubogyna wekilçilik eder. Soňky çempion Argentina bilen bir hatarda, Günorta Amerika ýurtlarynyň tälimçileri argentinaly hünärmenlerdir. Günorta Amerikadan gatnaşýan 6 ýurduň 5-siniň tälimçisi argentinaly bolup, 3 guraýjy ýurduň biri ABŞ-nyň hem tälimçisi argentinalydyr. Ýagny Lionel Skaloni (Argentina), Gustawo Alfaro (Paragwaý), Sebastian Bekkasese (Ekwador), Marselo Bielsa (Urugwaý), Nestor Lorenzo (Kolumbiýa) hem-de Maurisio Poçettino (ABŞ) dagy çempionatdaky argentinaly tälimçilerdir. Umuman, Günorta Amerikadan gatnaşýan 6 ýurduň 5-sine başga ýurduň hünärmeni tälim berýär. Çempionlygyň dalaşgärlerinden Braziliýany hem italiýaly Karlo Ançelotti türgenleşdirýär. Ançelotti Braziliýanyň ýygyndysynyň taryhyndaky ilkinji daşary ýurtly tälimçidir.

Argentinadan soň 2-nji ýeri Fransiýa eýeläp, 5 milli topara fransuz hünärmenleri tälim berýär.  Didie Deşam Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup, 2018-nji ýylda toparyna çempionlyk gazandyrypdy. Fransiýanyň ýygyndysy bilen bir hatarda, 52 ýyldan soň çempionata gatnaşýan Gaitiniň (Sebastien Minýe), Afrikanyň wekili Tunisiň (Sabri Lamuçi), Belgiýanyň (Rudi Garsiýa) hem-de mundan öň 1974-nji ýylda çykyş eden Kongo DR-niň (Sebastien Desabre) ýygyndylaryna fransiýaly tälimçiler tälim berýär.

Ispaniýadan 4 tälimçi çempionatda özüni görkezer. Ispaniýanyň milli ýygyndysyna Luis de la Fuenta tälim berse, Kataryň ýygyndysyny Hulien Lopetegi, Portugaliýany Roberto Martines hem-de Panamany Tomas Kristiansen türgenleşdirýär. Bassyr 3-nji gezek Dünýä Kubogynyň daşynda galan Italiýadan, şol sanda Germaniýadan 3 tälimçi çempionata gatnaşýar. Karlo Ançelotti (Braziliýa), Winçenzo Montella (Türkiýe) hem-de Fabio Kannawaro (Özbegistan) çempionatdaky italiýaly tälimçileridir. Germaniýanyň ýygyndysyna Ýulian Nagelsmann tälim berse, meşhur hünärmen Ralf Rangnik goňşy ýurduň, ýagny Awstriýanyň ýygyndysyny türgenleşdirýär. Çempionlygyň dalaşgärlerinden Angliýanyň milli toparynyň tälimçisi-de germaniýaly meşhur hünärmen Tomas Tuhel bolup, ondan uly ýeňişlere garaşýanlaryň sany az däl.

Angliýanyň milli ýygyndysyny nemes hünärmeni türgenleşdirýänem bolsa, iňlis tälimçileriniň 2-si çempionata gatnaşýar. Grem Potter pleý-off tapgyrynyň ýeňijisi Şwesiýany, Darren Bazeli bolsa Täze Zelandiýany türgenleşdirýär. Awstraliýadan hem 2 tälimçi wekilçilik edip, Toni Popowiç Awstraliýanyň ýygyndysyna, Grem Arnold Yragyň milli toparyna tälim berýär. 4 ýyl öňki çempionatyň sýurpriz topary Marokkonyň ýygyndysy bu gezek Walid Regragui bilen däl-de, mart aýynda wezipä bellenen Mohamed Uahbiniň tälimçiliginde gatnaşýar. Çempionatda ýene bir marokkoly hünärmen bolup, ol hem Iordaniýanyň tälimçisi Jamal Sellamidir. Niderlandlardan hem 2 tälimçi gatnaşýar. Olaryň biri Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň tälimçisi Ronald Kuman, beýlekisi bolsa debýutant Kýurasaonyň milli toparynyň tälimçisi Dik Adwokatdyr. Çempionatda Şweýsariýadan hem 2 tälimçi wekilçilik edýär. Murat Ýakin öz milli ýygyndysyny türgenleşdirse, meşhur hünärmen Wladimir Petkowiç Alžiriň tälimçisi hökmünde Dünýä Kubogynda orun alar.

Beýleki legioner tälimçileri bellesek, belgiýaly Hugo Bros Günorta Afrikanyň, ýaňy ýakynda wezipä bellenen gresiýaly Georgios Donis Saud Arabystanynyň, amerikaly Jesse Marş Kanadanyň hem-de portugaliýaly belli hünärmen Karluş Keýroş Gananyň milli ýygyndysynyň daşary ýurtly türgenleşdirijileridir.

ARGENTINA (6): Lionel Skaloni (Argentina), Gustawo Alfaro (Paragwaý), Sebastian Bekkaçeçe (Ekwador), Marselo Bielsa (Urugwaý), Nestor Lorenzo (Kolumbiýa), Maurisio Poçettino (ABŞ)

FRANSIÝA (5): Didie Deşam (Fransiýa), Sebastien Desabre (Kongo DR), Sabri Lamuşi (Tunis), Rudi Garsiýa (Belgiýa), Sebastien Minýe (Gaiti)

ISPANIÝA (4): Luis de la Fuente (Ispaniýa), Tomas Kristiansen (Panama), Ýulien Lopetegi (Katar), Roberto Martines (Portugaliýa)

GERMANIÝA (3): Ýulian Nagelsmann (Germaniýa), Ralf Ragnink (Awstriýa), Tomas Tuhel (Angliýa)

ITALIÝA (3): Karlo Ançelotti (Braziliýa), Fabio Kannawaro (Özbegistan), Winçenzo Montella (Türkiýe)

AWSTRALIÝA (2): Toni Popowiç (Awstraliýa), Grem Arnold (Yrak)

ANGLIÝA (2): Darren Bazeli (Täze Zelandiýa), Grem Potter (Şwesiýa)

MAROKKO (2): Mohamed Uahbi (Marokko), Jamal Sellami (Iordaniýa)

NIDERLANDLAR (2): Ronald Kuman (Niderlandlar), Dik Adwokat (Kýurasao)

ŞWEÝSARIÝA (2): Murat Ýakin (Şweýsariýa), Wladimir Petkowiç (Alžir)

BELGIÝA: Hugo Bros (Günorta Afrika)

GRESIÝA: Georgios Donis (Saud Arabystany)

PORTUGALIÝA: Karluş Keýroş (Gana)

ABŞ: Jessi Marş (Kanada)

BOSNIÝA we GERSEGOWINA: Sergeý Barbares

KABO WERDE: Bubista

HORWATIÝA: Zkatko Daliç

ÇEHIÝA: Miroslaw Kubek

MÜSÜR: Hossam Hassan

EÝRAN: Amir Galanoei

KOT-D’IWUAR: Emerse Fae

ÝAPONIÝA: Hažime Moriýasu

MEKSIKA: Hawier Agirre

NORWEGIÝA: Stal Solbakken

ŞOTLANDIÝA: Stiw Klark

SENEGAL: Pape Tiaw

KOREÝA RESPUBLIKASY: Hon Mýon Bo