Geljek ýylyň tomusunda Meksikadyr ABŞ-da hem-de Kanadada geçiriljek 23-nji Dünýä Kubogynyň toparçalarynyň bijeleri çekildi. ABŞ-nyň paýtagty Waşingtondaky “Kennedy Center”-de geçirilen bije çekiliş dabarasyna futbol äleminiň öňki-soňky ýyldyzlary, milli ýygyndylaryň tälimçileri, çempionaty guraýjy ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar. Meşhur aktýor Kewin Hart bilen belli fotomodel Haýdi Klumuň alyp baran dabarasynyň başynda FIFA-nyň başlygy Janni Infantino futbolyň birleşdiriji güýji barada durup geçdi. Ol ilkinji gezek berilýän FIFA-nyň parahatçylyk baýragyny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Andrea Boçelli, Robbi Williams, Nikol Şerzinger ýaly aýdym-saz sungatynyň ýyldyzlary hem çykyş etdiler.
Soňra bijeleri çekmek üçin Şakil O’Nil, Weýn Gretski, Rio Ferdinand, Aaron Jaj, Tom Bredi, Eli Manning ýaly dürli sportlaryň meşhur ýyldyzlary sahna çykdy.
48 ýygyndynyň gatnaşýan çempionatynyň 42 topary 12 toparça paýlandy. Galan 6 topar bolsa geljek ýylyň mart aýyndaky pleý-off oýunlaryndan soň belli bolar.
“A” toparçada ýer eýeleri Meksikanyň bäsdeşleri Koreýa Respublikasynyň, Günorta Afrikanyň hem-de UEFA Pleý-off D ýolunyň (Daniýa – Çehiýa / Irlandiýa – D. Makedoniýa) ýeňijisi boldy. Başga bir ýer eýesi Kanada “B” toparçada Şweýsariýanyň, Kataryň hem-de UEFA Pleý-off A ýolunyň (Italiýa – Uels / Bosniýa – D. Irlandiýa) ýeňijisi bilen duşuşar. “C” toparçada bu kubogy iň köp eýelän Braziliýanyň bijesine Marokkonyň, Şotlandiýanyň hem-de Gaitiniň ýygyndylary düşdi. Braziliýa 1998-nji ýylda-da Marokkonyň hem-de Şotlandiýanyň milli toparlary bilen bir toparça düşüpdi.
“D” toparçada ýer eýesi ABŞ-nyň milli topary Awstraliýadyr Paragwaýyň, şol sanda Ýewropadan gatnaşjak UEFA Pleý-off C ýolunyň (Türkiýe – Rumyniýa / Kosowo – Slowakiýa) ýeňijisi bilen özara güýç synanyşar. “E” toparçany Germaniýanyň, Ekwadoryň, Kot-d’Iwuaryň hem-de çempionatyň debýutanty Kýurasaonyň ýygyndylary düzdüler. “F” toparçada Niderlandlaryň, Ýaponiýanyň, Tunisiň ýygyndylary hem-de UEFA Pleý-off B ýolunyň (Şwesiýa – Ukraina / Albaniýa – Polşa) ýeňijisi bilen duşuşarlar.
“G” toparçada Belgiýanyň, Eýranyň, Müsüriň hem-de Täze Zelandiýanyň milli toparlary indiki tapgyra çykmak üçin özara duşuşyk geçirerler. “H” toparçada çempionlygyň dalaşgärlerinden Ispaniýanyň ýygyndysynyň garşydaşlary ilkinji çempion Urugwaýyň, şol sanda, Saud Arabystanynyň hem-de ýaryşyň debýutanty Kabo Werdeniň milli toparlary boldy. “I” toparça Fransiýanyň ýygyndysy Senegalyň, Norwegiýanyň milli toparlary, şeýle-de Yklymlararasy pleý-off 2-niň ýeňijisi (Yrak / Boliwiýa – Kosta Rika) bije çekişdi.
“J” toparçada soňky çempion Argentinanyň milli topary kubogy özünde saklamak islese, onda tangoçylar ilki Awstriýanyň, Alžiriň hem-de Iordaniýanyň ýygyndylaryny yzda galdyrmaly bolarlar. “K” toparçada Portugaliýanyň, Kolumbiýanyň, debýutant Özbegistanyň hem-de Yklymlararasy Pleý-off 1-iň ýeňijisi (Kongo DR / Ýamaýka – Täze Kaledoniýa) özara göreşerler. “L” toparçany bolsa Angliýanyň, Horwatiýanyň, Panamanyň hem-de Gananyň ýygyndylary düzdüler.

Çempionatyň güýçli toparçalary hökmünde “C”, “E”, “I” hem-de “L” toparçalary görkezilýär.
39 günläp dowam etjek çempionat geljek ýylyň 11-nji iýunynda başlap, 19-njy iýulda tamamlanar. Çempionatyň açylyş oýnunda ýer eýesi Meksika bilen Günorta Afrikanyň ýygyndylary duşuşar. Iki topar 2010-njy ýylda Günorta Afrikada geçirilen çempionatyň açylyş duşuşygynda hem duşuşypdy we oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.
PDF









