Ýew­ro­pa Kos­mos Agent­li­gi (ESA) tä­ze ast­ro­nawt­la­ry taý­ýar­la­mak üçin okuw aç­dy. Bu oku­wa ka­bul edi­len­le­riň ara­syn­da fi­zi­ki müm­kin­çi­li­gi çäk­li il­kin­ji ast­ro­nawt hem bar. Agent­lik bu ast­ro­nawt da­laş­gä­ri­ne “pa­ra-ast­ro­nawt” ady­ny ber­di. Kos­mos agent­li­gi 13 ýyl­dan soň­ra tä­ze ast­ro­nawt­la­ry taý­ýar­la­mak üçin da­laş­gär­le­ri saý­la­dy. Bu ba­ra­da Pa­riž­de met­bu­gat ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Şeý­le­lik­de, ast­ro­nawt sa­pak­la­ry­ny geç­jek 17 ada­myň ara­syn­da­ky iň­lis pa­ra­lim­pia­çy­sy Jon Mak­Fall hem bar. Mak­Fall ESA-nyň ma­ýyp adam­la­ryň gel­jek­de kos­mos ýu­muş­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri­ni öw­ren­mek üçin taý­ýar­la­nan tab­şy­ry­gy ýe­ri­ne ýe­tir­me­li bo­lar. Mak­Fal­lyň kos­mo­sa gi­den fi­zi­ki müm­kin­çi­li­gi çäk­li il­kin­ji adam bo­lup bol­ma­jak­dy­gy­ny anyk­la­mak üçin di­zaý­ner­ler we in­že­ner­ler okuw sa­pak­la­ry­na onuň bi­len bi­le­lik­de gat­na­şar­lar.
Mak­Fall 2008-nji ýyl­da Pe­kin Pa­ra­lim­pi­ýa Oýun­la­ryn­da 100 metr­de bü­rünç me­dal ga­za­nyp­dy.