1938-nji ýylyň 11-nji fewralynda BBC teleýaýlym dünýäniň ilkinji “ylmy-fantastik” “(science fiction” filmini taýýarlaýar. 35 minutlyk bu gepleşik çeh ýazyjysy Karel Çapekiň R.U.R (Rossumovi Univerzální Roboti) eseri esasynda surat düşürilýär. 1920-nji ýylda sahna oýny hökmünde ýazylan eserde ilkinji gezek “robot” sözi ulanylýar we dünýäniň ähli dillerine geçýär. Sahna eseri teatrlarda görkezilenden gysga wagtdan soňra dünýäniň 30 diline terjime edilip, köp ýurtlarda görkezilýär. Köpleriň ünsüni çekensoň, BBC teleýaýlymy hem bu sahna eseri esasynda film surata düşürýär.
Oýun sintetik organik maddadan emeli işçiler öndürýän zawodda başlaýar. Oýunda adamlaryň işini edýän robotlar we çaga dogluşynyň azalmagy barada gürrüň gozgalýar. Oýunda robotlara esaslanýan dünýä ykdysadyýetiniň gürrüňi edilýär. BBC-niň bu ylmy fantastik filminiň hiç bir nusgasy saklanyp galmandyr. 1948-nji ýylda teleýaýlym bu eseriň 90 minutlyk görnüşini hem taýýarlaýar.