Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) maglumatlaryna görä, Kaliforniýadaky «Death Valley» jülgesi dünýäniň iň yssy ýeri hasaplanýar. Bu ýerde howanyň ortaça temperaturasy 50 derejeden ýokarydyr. Soňky ýyllarda howanyň maýlamagy bilen gyzgynlyk derejesi ýylyň-ýylyna rekord derejelere ýetýär. Dünýäniň iň yssy ýurtlary barada söz açylanda bolsa, Mali, Burkino Faso we Senagal ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär. Afrika yklymynda ýerleşýän bu ýurtlarda tomus paslynda howanyň temperaturasy 45 derejeden hem geçýär.
Afrikanyň günbatarynda ýerleşýän Mali Respublikasy howanyň gyzgynlyk derejesi boýunça öňdäki orny eýeleýär. Ýylyň dowamynda bu ýurtda howanyň ortaça temperaturasy 28,3 derejede saklanýar. Geçen ýylyň 4-nji aprelinde Maliniň birnäçe şäherinde, şol sanda Kaýes şäherinde 48,5 derejä çenli gyzgynlyk hasaba alyndy. Malide az mukdarda ýagyn ýagýar. Oktýabr aýyndan aprel aýyna çenli aralykda häli-şindi ýagyş ýagýandygyna garamazdan, tomus pasly aşa gyzgynlykda geçýär. Ýurduň esasy suw çeşmesi bolan Niger derýasyndan oba hojalyk ekinleri suwarylýar. Ýaz pasly ýurtda iň yssy möwsüm hasaplanylýar.
1 milliondan gowrak meýdany bolan Mali demirgazykda Alžir, gündogarda Niger, demirgazyk-günbatarda Mawritaniýa, günortada Burkino Faso, günbatarda Gwineýa we Senegal bilen serhetleşýär. Mali tutýan meýdany boýunça dünýäde 24-nji, Afrika yklymynda 8-nji orunda durýar. Ýurduň esasy bölegini Sahara çöli tutýandygy sebäpli, epgekli howa we tozanly ýeller köp bolýar. Ýurduň çäginde gum bilen örtülen tekiz düzlüklere duş gelmek bolýar. 23 milliondan gowrak ilaty bolan bu ýurduň paýtagty Bamako şäheri bolup, ýurduň ýaşaýjylary 13 dilde gepleşýär. Ilatyň esasy käri oba hojalyk işleri we magdançylyk bolup, ýurduň ykdysadyýetinde altyn, uran, hek daşy we duz öňdäki orny eýeleýär.