16-njy maýda Albaniýanyň paýtagty Tirana şäherinde Ýewropanyň syýasy jemgyýetniň (ÝSJ) “Täze dünýäde täze Ýewropa: Agzybirlik – Hyzmatdaşlyk – Bilelikdäki hereket” atly maslahaty geçirildi. Sammite 47 döwlet we hökümet Baştutany, şeýle hem Ýewropa guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Gün tertibinde, ilkinji nobatda, howpsuzlyk, migrasiýa we milli ykdysadyýetiň meselelerine garaldy. Şeýle-de ykdysadyýet, hususan-da ygtybarly üpjünçilik zynjyrlaryny goramak we energiýa infrastrukturasyny berkitmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2022-nji ýylda Ýewropanyň syýasy jemgyýetiniň platformasynyň döredilmeginiň sebäplerinden birine öwrülen energiýa çökgünligi boldy. Ol Ýewropa syýasatlaryny utgaşdyrmak üçin resmi däl platformadyr.
Ýewropanyň syýasy jemgyýetniň çärelerine Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan başga-da Türkiýe, Gruziýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Beýik Britaniýa, Ukraina we Moldowa gatnaşýar. Bu sammitiň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan gepleşik geçirdiler.
Sammit Günbatar Balkanlarda ilkinji gezek geçirildi. Ondan öň Ýewropanyň syýasy jemgyýetiniň sammitleri Çehiýada, Moldowada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada we Wengriýada guraldy.
“Albaniýanyň ýer eýesi hökmündäki ähmiýeti ýurduň Ýewropa bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak islegini we sebit we yklym durnuklylygyndaky goşandyny ýüze çykarýar – diýip, forumyň guramaçylary bellediler. Albaniýa 2014-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin dalaşgär bolup gelýär, ýöne resmi taýdan goşulmak baradaky gepleşikler diňe 2022-nji ýylyň tomsunda başlandy.