Dünýäniň iň gür ilatly ýerleriniň biri hasaplanýan Gonkongda emeli adanyň üstünde zawod gurulýar. Desga dürli önümçilik galyndylaryny gaýtadan işlemäge niýetlenen bolup, dünýäde emeli adada gurlan ilkinji zawod bolar. Önümçilik desgasy 16 gektar meýdany öz içine alar. Eýýäm desganyň birinji tapgyry gurlup gutarylypdyr. Äpet desga zawod galyndylaryny saýlamaga we gaýtadan işlemäge, deňiz suwuny süýjetmäge, hapa suwy arassalamaga we zibilleriň ýakylmagy netijesinde elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen bölümlerden ybarat bolar. Işe girizilenden soňra bu ýerde her ýylda öý hojalyk tehnikalarynyň 3000 tonnasy gaýtadan işlener. Galyndylaryň ýakylmagy netijesinde bolsa, 480 million kilowat/sagat elektrik energiýasy öndüriler. Bu 100 müň hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýeter. Zawod äpet şäheriň zibilleri saklamak üçin ýer zerurlygyny aradan aýrar hem-de şäheriň howasynyň arassa bolmagyna ýardam eder. Mundan ozal deňiz kenaryndaky şäherde emeli adada howa menzili hem gurlupdy.
Rejepmuhammet NURMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF









