Alymlar emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen miladynyň 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde kömüre öwrülen gadymy papirus golýazmasynyň syryny açmagy başardylar. Halkara hünärmenler topary tarapyndan amala aşyrylan bu ylmy açyşyň netijesinde, iki müň ýyl mundan ozal ýazylan hem-de adamzadyň ahlak aýratynlyklaryna, etika we ösüşe bagyşlanan pelsepewi ylmy işiň teksti ilkinji gezek doly okaldy.
«PHerc. 1667» diýlip hasaba alnan bu gadymy golýazma ilkinji gezek 1750-nji ýyllarda gadymy Rim şäheri bolan Gerkulanumyň weýrançylyklarynyň astyndan tapylypdy. Emma wulkanik külüň we gyzgynlyk sebäpli aşa port ýagdaýa gelen şeýle eksponatlary fiziki taýdan açmak synanyşyklary olaryň bütinleý dargap, kül bolmagyna getirip biljekdi. Şol sebäpli bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi üçin gymmatly hazyna hasaplanýan bu resminamalar ençeme ýyllap möhürlenen görnüşde saklanyp geldi. 2023-nji ýylda yglan edilen «Vesuvius Challenge» atly halkara bäsleşik bolsa dünýäniň dürli künjeklerinden IT hünärmenlerini we alymlary bu meseläni çözmäge höweslendirdi.
Döwrebap ylmyň iň soňky gazananlaryny, ýagny, ýokary takyklykdaky rentgen şöhlelerini we emeli aňyň maşyn arkaly öwreniş tehnologiýasyny ulanmak bilen alymlar golýazmany fiziki taýdan hiç hili zähmetsiz, sanly görnüşde dikeltmegi başardylar. Birnäçe ýylyň dowamynda alnan rentgen suratlarynyň kömegi bilen papirusyň içki gatlaklarynyň 3D modeli dikeldildi hem-de emeli aň gadymy ýazgylary anyklap, adaty göz bilen saýgarmasy kyn bolan harplary okamagy başardy. Geçirilen barlaglar netijesinde, öňki şowsuz açmak synanyşyklary sebäpli diňe 8 santimetrlik bölegi saklanyp galan golýazmanyň içindäki tekst doly dikeldildi.
Mälim bolşy ýaly, bu pelsepewi eserde stoisizm mekdebiniň görnükli wekili Hrisippyň ýegeni hem-de şägirdi Aristokreonyň ady agzalýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu tekst miladydan öňki II asyra degişli bolup, stoisizm taglymatyny şöhlelendirýär. Şeýle hem soňky ylmy işleriň çäklerinde başga bir golýazmadan epikureý pelsepeçisi Filodemiň hem täze kitabynyň tapylandygy mälim edildi. “Vesuvius Challenge» bäsleşiginiň esaslandyryjysy Brent Silsiň bellemegine görä, köpasyrlyk taryhy bolan ylmy çeşmeleriň häzirki zaman tehnologiýalarynyň we emeli aňyň utgaşmagy netijesinde täzeden okalmagy hem-de dikeldilmegi ylym dünýäsinde uly öňegidişlikdir. Häzirki wagtda Gerkulanumyň meşhur gadymy kitaphana toparyna degişli bolan ýene-de ýüzlerçe möhürlenen golýazmalaryň syrlaryny açmak ugrundaky halkara ylmy gözlegler işjeň dowam etdirilýär.
PDF









