Fransiýa Respublikasynda nobatdaky Prezident saýlawlarynyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň degişlilikde 2027-nji ýylyň 18-nji aprelinde hem-de 2-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu seneler ýurduň Ministrler Geňeşiniň mejlisinde resmi taýdan tassyklanmalydyr. Fransiýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanynyň saýlawlary häzirki Prezident Emmanuel Makronyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna 20-35 gün galanda guralmalydyr. Ýurt Baştutanynyň saýlaw möhleti 2022-nji ýylyň 14-nji maýynda başlapdy.
Ses berişlik möwsüminiň Maý baýramy we mekdep dynç alyşlary bilen gabat gelmegi raýatlaryň gatnaşyk derejesi baradaky dürli çaklamalary orta atsa-da, bilermenler muňa uly täsir etjek esasy şert hökmünde garamaýarlar. Analitikleriň pikiriçe, 1-nji maýyň şenbe gününe gabat gelmegi sebäpli goşmaça dynç alyş günleri bolmaz. Bu bolsa raýatlaryň saýlaw güni ses berişlige has yzygiderli gatnaşmagyna amatly şert döreder.
Şol bir wagtda synçylar saýlawçylaryň işjeňligine seneleriň özünden hem has köp ýurtdaky häzirki syýasy we jemgyýetçilik ýagdaýlarynyň täsir etjekdigini belleýärler. Ozalky saýlaw kampaniýalarynyň görkezijilerine görä, Fransiýada saýlaw işjeňliginde özboluşly üýtgeşmeler synlanýar. Ýurtda 2017-nji ýyldaky Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermäge gatnaşmadyklaryň paýy 25 göterimden, 2022-nji ýylda bolsa 28 göterimden gowrak bolupdy.
Häzirki wagtda döwlet Baştutany wezipesi ugrundaky bäsleşige gatnaşmaga taýýarlyk görýän syýasatçylaryň we dürli ugurlaryň wekilleriniň sany 25-den geçýär. Çepçi, merkezçi we sagçy syýasy güýçleriň arasynda özara dalaşgärleri kesgitlemek boýunça deslapky taýýarlyk işleri dowam edýär. Geçirilen jemgyýetçilik pikiriniň soraglaryna görä, dalaşgärleriň arasynda dürli syýasy partiýalaryň wekilleri saýlawçylaryň goldawyny gazanmak ugrundaky işlere badalga berdiler. Saýlaw möwsüminiň resmi tertipde yglan edilmegi bilen ýurtda saýlaw kampaniýasynyň barşy we syýasy ugurlar has-da aýdyňlaşar.
PDF









