Emeli aň tehnologiýasynyň “öwrenmäge“ ukyply bolup, geljekde tehnologiýany düýpgöter özgertmegine garaşylýar. Emeli aň tehnologiýasy, esasan, önümçilik pudagynda ulanylýan hem bolsa, beýleki ugurlara-da öz täsirini ýetirip başlady. Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýasynyň ýazan kitaplaryny hem görme bolýar. Hatda dürli harytlaryň elektron söwdasy bilen meşgullanýan “Amazon”-da emeli aň tarapyndan ýazylan kitaplary satyn alyp bolýar.
Kompaniýanyň elektron kitap bölümi bolan “Kindle” dükanlarynda awtory “ChatGPT” bolan 200-den gowrak elektron kitap bar.
Bilermenler bolsa awtorlaryň hem öz eserlerinde emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanýandyklaryny belleýärler.
“ChatGPT” ýaly gurallar kitabyň örän çalt ýazylyp gutarylmagyna ýardam edýär. Bu söhbetdeşlik programmasy “OpenAI” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan “GPT-3” dil modelinden peýdalanýar.
“GPT-3” dil modeli çuňňur öwrenmek ukybyna eýe bolup, edil adam ýaly sözlemleri düzüp bilýär. Programmada 175 milliard parametriň bardygy bellenilýär. Şeýle bolansoň köp adam ýazýan tekstiniň dowamyny ýazmagy üçin “GPT-3” ýaly algoritmalardan peýdalanýar.
Emeli aň tehnologiýasy diňe tekst ýazmakda däl, eýsem surat çekmekde hem peýdalanýar.
Döwletgeldi Joşow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









