Mundan 1 hepde öň Parižde oýnalan we PSŽ-niň 5-4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan taryhy duşuşygyň jogap oýny Germaniýanyň Bawariýa toparynyň meýdançasynda geçirildi. Edil şol oýun ýaly golly geçmese-de, çekeleşikli bolan oýunda hasap boýunça ýeňiş gazanan bolmady. Eýýäm oýnuň 3-nji minutynda Kwarasheliýanyň ajaýyp pasy bilen Altyn top baýragynyň häzirki eýesi Usman Dembele hasaby açdy. Bu gol duşuşygyň ykbalyny kesgitläp, toparlaryň döreden amatly pursatlarynda derwezeçiler erjellik görkezdi. Esasan hem, 1-nji oýnuň tersine, Bawariýanyň derwezeçisi Manuel Noýer birnäçe howply pursatlary sowmagy başardy. Ýer eýeleri Dembeleniň oýnuň başyndaky goluna, duşuşygyň soňky minutlarynda jogap berdi. Oýnuň 90+4-nji minutyndaky Harri Keýniň goly Bawariýa ýeterlik bolmady. Şunlukda, duşuşyk deňlikde tamamlanyp, umumy hasapda 6-5 öňe saýlanan parižliler çempionlygyny goramaga mümkinçilik gazandy. PSŽ topary bassyr 2-nji gezek finala çykan ilkinji fransuz, umumylykda 12-nji topar hökmünde hasaba alyndy. PSŽ topary taryhynda 2020-nji we 2025-nji ýyllardan soň 3-nji gezek finala adyny ýazdyrdy.
Arsenal bilen PSŽ-niň aradyndaky final duşuşygy 30-njy maýda Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki Puşkaş Arena-da oýnalar.